Hususy telekeçiler üçin goşulan baha üçin salgyt boýunça beýannanama - № 2 goşundy.
Beýannamanyň degişli setirlerine düşündiriş:
1) «Salgytlar hakynda» Türkmenistanyň Bitewi kanunynyň 95-nji maddasynda görkezilen hususy telekeçi bolup durýan salgyt töleýjiler – şahsy taraplar «Salgytlar hakynda» Türkmenistanyň Bitewi kanunynyň 111-nji maddasy bilen bellenilen möhletlerde salgyt beýannamasyny berýärler;
2) beýannama basma harplarynda doldurylýar we beýannamanyň möçber görkezijileri manatda ýazylýar;
3) beýannamanyň 8-nji, 12-17-nji (5-nji sütün boýunça), 28-30-njy, 32-35-nji setirleri salgyt gullugynyň edarasynyň işgärleri tarapyndan doldurylýar;
4) 12-nji we 13-nji setirleriň görkezijileri «Salgytlar hakynda» Türkmenistanyň Bitewi kanunynyň 100-nji we 101-nji maddalarynyň düzgünlerine laýyklykda bellenilýär;
5) 14-nji we 15-nji setirleriň görkezijileri «Salgytlar hakynda» Türkmenistanyň Bitewi kanunynyň 102-nji maddasynyň düzgünlerine laýyklykda bellenilýär;
6) 20-25-nji setirleriň görkezijileri «Salgytlar hakynda» Türkmenistanyň Bitewi kanunynyň 110-njy maddasynyň düzgünlerine laýyklykda bellenilýär;