XX asyryň 90-njy ýyllarynyň başlarynda türkmen halky garaşsyzlygyny gazandy.

    Türkmenistanyň salgyt kanunçylygy Türkmenistan garaşsyz döwlet bolanyndan bäri döredilip başlandy. Türkmenistanyň Prezidentiniň permanlarydyr, kararlary bilen, salgyt ulgamyna öň hereket eden salgytlaryň ýerine täze, belli bir derejede bazar ykdysadyýetiniň gatnaşyklaryna laýyk gelýän salgytlar girizildi. Soňky 30 ýylyň dowamynda, bazar gatnaşyklarynyň mundan beýläk hem özgermegi we ykdysadyýetiň ösmegi bilen baglylykda, Türkmenistanyň salgyt ulgamy düýpli üýtgedildi we kämilleşdirildi.

    Bu ösüş ýagdaýyny birnäçe sany has möhüm tapgyrlara bölmek mümkindir.

    Birinji tapgyr Türkmenistanyň Prezidentiniň 1992-nji ýylyň 6-njy ýanwaryndaky 250 belgili «Türkmenistanyň döwlet salgyt gullugyny döretmek hakynda» Permanynyň kabul edilmegi esasynda düýbi tutulan salgyt ulgamynyň döredilmegi bilen häsiýetlendirilýär. Prezidentiň agzalan Permany bilen Türkmenistanyň Döwlet salgyt gullugy hakynda Düzgünnama tassyklanyldy. Bu Düzgünnamada Türkmenistanyň Baş döwlet salgyt gullugynyň we onuň ýerlerdäki bölümleriniň işi bilen baglanyşykly esasy kadalar, salgyt gulluklarynyň hukuklary we borçlary, şeýle hem salgyt ýygnamaklygyň edaralaşdyrylmagy, salgyt töleýjileriň hukuklary we borçlary, salgyt hukuk düzgünleriniň bozulmagy üçin olaryň jogapkärçiligi kesgitlenildi.

    Şol bir wagtda Türkmenistanyň döwlet býujetiniň girdejiler bölümini emele getirýän salgytlar we ýygymlar girizildi:

    kärhanalaryň, guramalaryň we beýleki edara görnüşli taraplaryň peýdasyndan alynýan salgyt (Türkmenistanyň Prezidentiniň 1992-nji ýylyň 6-njy ýanwaryndaky 251 belgili Permany). Bu salgydyň möçberi şol döwürde peýdanyň 35 göterimi möçberinde (girdejileriň aýry-aýry görnüşleri boýunça – 60 göterimi) bolupdy, ýöne eýýäm 1993-nji ýyldan başlap salgyt möçberi 25 göterime çenli, banklar üçin – 30 göterime çenli, ätiýaçlandyryş guramalary üçin bolsa – 20 göterime çenli azaldyldy (Türkmenistanyň Prezidentiniň 1992-nji ýylyň 31-nji dekabryndaky 721, 722 we 723 belgili Permanlary);

    Türkmenistanyň raýatlaryndan, daşary ýurt raýatlaryndan we raýatlygy bolmadyk adamlardan alynýan girdeji salgydy (Türkmenistanyň Prezidentiniň 1992-nji ýylyň 6-njy ýanwaryndaky № 252 Permany). Salgydyň hasaplanyşy girdejiniň möçberine baglylykda 12 göterimden 40 göterime çenli ýokarlanýan ölçeg boýunça amala aşyrylýardy. Bu döwürde salgyt möçberleri ýygy-ýygydan üýtgäp durýardy we 8 göterimden 90 göterime çenli bolupdy (Türkmenistanyň Prezidentiniň 1992-nji ýylyň 17-nji noýabryndaky 640 belgili Permany);

    goşulan baha üçin salgyt (Türkmenistanyň Prezidentiniň 1992-nji ýylyň 6-njy ýanwaryndaky 253 belgili Permany). Şol döwürde bu salgyt harytlaryň, işleriň we hyzmatlaryň ýerleniş möçberinden 28 göterim möçberi boýunça hasaplanýardy, soňra bolsa ol 20 göterime çenli azaldyldy (Türkmenistanyň Prezidentiniň 1992-nji ýylyň 31-nji dekabryndaky 720 belgili Permany);

    goşmaça tölegler (Türkmenistanyň Prezidentiniň 1992-nji ýylyň 6-njy ýanwaryndaky 254 belgili Permany). Goşmaça tölegleriň möçberleri goşmaça töleg tölenmeli harytlaryň görnüşlerine baglylykda tapawutlanýardy, tölegler bolsa goşmaça töleg tölenmäge degişli bolan öndürilýän we daşyndan getirilýän harytlar babatda amala aşyrylýardy;

    kärhanalaryň we guramalaryň emläk salgydy (Türkmenistanyň Prezidentiniň 1992-nji ýylyň 6-njy ýanwaryndaky 255 belgili Permany). Girizilen döwründe bolşy ýaly, häzirki wagtda hem bu salgydyň möçberi üýtgemän galýar, ýagny emlägiň bahasynyň 1 göterimi möçberinde;

    ulag serişdeleriniň eýelerinden alynýan salgyt (Türkmenistanyň Prezidentiniň 1992-nji ýylyň 6-njy ýanwaryndaky 256 belgili Permany), bu salgyt maşynlaryň hereketlendirijisiniň kuwwatlylygyna baglylykda bellenýän möçberler boýunça tölenýärdi;

    oba hojalygyna degişli bolmadyk kärhanalardan, edaralardan, guramalardan we raýatlardan alynýan ýer üçin töleg (Türkmenistanyň Prezidentiniň 1992-nji ýylyň 6-njy ýanwaryndaky 257 belgili Permany). Bu tölegiň möçberi şol döwürde bir inedördül metr meýdan üçin 2 köpükden 5 köpüge çenlidi;

    Şol wagt ýerasty baýlyklardan peýdalanmak üçin salgyt girizildi (Türkmenistanyň Prezidentiniň 1992-nji ýylyň 31-nji dekabryndaky 1095 belgili karary), bu salgydyň möçberleri gazylyp alynýan peýdaly magdanlaryň görnüşine baglylykda 5 göterimden 22 göterime çenli tapawutlanýardy.

     

    Türkmenistanyň salgyt ulgamynyň ösüşiniň indiki (ikinji) tapgyry salgyt hukuk gatnaşyklarynyň kanunlar görnüşindäki kadalaşdyryjy hukuk namalary arkaly düzgünleşdirilmeginiň girizilmegi bolup durdy we bu Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyk gelip, 1993-nji ýylda amala aşyryldy, şonda Türkmenistanyň birnäçe Kanunlary kabul edildi:

    1993-nji ýylyň 8-nji oktýabryndaky «Peýdadan alynýan salgyt hakynda»;

    1993-nji ýylyň 8-nji oktýabryndaky «Goşulan baha üçin salgyt hakynda»;

    1993-nji ýylyň 28-nji dekabryndaky «Gymmatly kagyzlar bilen geçirilýän işler üçin salgyt hakynda».

    Şeýle hem, şol döwürde aşakdaky salgytlar girizildi:

    gazylyp alynýan peýdaly magdanlary agtarmaga we işläp geçmäge hukugy bermekden alynýan girdejilere salgyt (Türkmenistanyň Prezidentiniň 1993-nji ýylyň 31-nji awgustyndaky 1433 belgili karary), bu salgydyň möçberi 80 göterime barabar boldy. Bu salgyt daşary ýurt kompaniýalarynyň Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň nebit-gaz toplumyna girmekleri sebäpli girizildi;

    ýerli salgytlar we ýygymlar (Türkmenistanyň Prezidentiniň 1993-nji ýylyň 14-nji dekabryndaky 1620 belgili karary), beýleki salgytlardan we ýygymlardan geçirilýän bellenilen möçberler bilen birlikde ýerli býujetleriň girdeji böleginiň emele gelmeginiň ykdysady esaslaryny üpjün etdi. Goşmaça jemi 17 görnüşli ýerli salgytlar we ýygymlar girizildi.

     

    Ýurdumyzyň salgyt ulgamynyň ösüşiniň nobatdaky (üçünji) tapgyry 1995-1999-njy ýyllary öz içine alýar.

    Ýene-de bir ýerli salgyt, ýagny oba ýollarynyň we şäherçeleriň içindäki köçeleriň saklanmagy we abatlanylmagy üçin alynýan salgyt girizildi (Türkmenistanyň Prezidentiniň 1997-nji ýylyň 5-nji maýyndaky 3142 belgili karary), bu salgydyň möçberi önümiň (işiň, hyzmatyň) ýerlenilmeginden alnan peýdanyň 0,3 göteriminden 0,5 göterimine çenli bellendi.

    Ykdysadyýetiň hususy böleginde «kiçi kärhanalar» diýilýän kärhanalar üçin 30 göterim möçberdäki girdejiden alynýan salgyt girizildi (Türkmenistanyň Prezidentiniň 1995-nji ýylyň 21-nji iýunyndaky 1560 belgili Permany), bu kärhanalar üçin goşulan baha üçin salgyt, düşewüntlilik derejesini düzgünleşdirmek, şeýle hem zähmete hak töleme serişdeleriniň kadalaşdyrylan möçberden köp bolan bölegine salynýan salgyt ýatyryldy.

    Şol döwürde Türkmenistanyň çäklerine getirilende goşmaça töleg tölenýän harytlaryň sanawy ep-esli artýar (Türkmenistanyň Prezidentiniň 1995-nji ýylyň 21-nji iýunyndaky 2236 belgili we 1996-njy ýylyň 12-nji iýulyndaky 2740 belgili kararlary). Goşmaça tölegleriň möçberi gümrük bahasynyň 10 göteriminden 100 göterimine çenli üýtgeýärdi.

    Inflýasiýanyň derejesiniň ösüşini saklamak boýunça çäre görmek maksady bilen, aýlyk haky gorynyň artyk bolan möçberinden alynýan salgyt girizildi (Türkmenistanyň Prezidentiniň 1995-nji ýylyň 27-nji dekabryndaky 2436 belgili karary), onuň möçberi 50 göterim boldy.

    Hususy telekeçilere salgyt salmak düzgüniniň we edaralaşdyrma meseleleriniň ýönekeýleşdirilmeginiň netijesinde (Türkmenistanyň Prezidentiniň 1996-njy ýylyň 31-nji oktýabryndaky 2848 belgili karary) salgyt edaralaryna hususy telekeçileri döwlet belligine almaklyk borjy ýüklenildi, şeýle hem belli bir möçberde (amala aşyrylýan işiň görnüşine baglylykda aýda 20 manatdan 140 manada çenli) bellenilýän patent tölegi görnüşindäki bir bitewi salgyt girizildi, soňra bu möçbere täzeden yzygiderli seredildi, esasanam ol artdyryldy.

    Oba hojalygynda kärendeçiler üçin öndürilen önümiň bahasynyň 8 göterimi möçberde býujete tölegler girizildi (Türkmenistanyň Prezidentiniň 1997-nji ýylyň 14-nji ýanwaryndaky 2969 belgili karary), bu serişdeler döwlet durmuş ätiýäçlandyrmasyna, pensiýa üpjünçiligine geçirilýän serişdeleriň we girdeji salgydynyň ýerine umumy tölegden ybaratdy. Soňra bu serişdeler 1 gektar ýer üçin 1 müň manat möçberde bellendi (Türkmenistanyň Prezidentiniň 1999-njy ýylyň 6-njy fewralyndaky 4069 belgili karary).

    Ýurduň ýer serişdeleriniň ulanylşyny tertipleşdirmek maksady bilen, ýerden alynýan salgyt girizildi (Türkmenistanyň Prezidentiniň 1997-nji ýylyň 15-nji oktýabryndaky 3347 belgili karary), bu salgydyň möçberi bir inedördül metr ýer üçin 0,2-0,05 ABŞ-nyň dollary möçberinde Merkezi bankyň hümmeti boýunça manatda hasaplanýardy.

     

    Türkmenistanyň salgyt ulgamynyň ösüşiniň dördünji tapgyry 2000-2001-nji ýyllary öz içine alýar, şonda Türkmenistanyň Prezidentiniň salgyt salmaklygyň bar bolan ulgamyny mundan beýläk-de kämilleşdirmäge gönükdirilen birnäçe sany Permanlary we kararlary kabul edildi.

    Türkmenistanyň Prezidentiniň 2000-nji ýylyň 8-nji awgustyndaky 3153 belgili Permany bilen, goşmaça tölegleri hasaplamagyň we tölemegiň täze tertibi tassyklandy, munda Türkmenistanyň çäklerine getirilen mahalynda goşmaça töleg alynýan harytlaryň sanawy ep-esli azaldyldy. Goşmaça töleg tölenmäge degişli özümizde önýän harytlaryň hataryna alkogol önümleri – 10-55 göterim, benzin we dizel ýangyjy – 40 göterim, şeýle hem möçberleri esasan natural göwrümden bellenilýän harytlaryň 8 sany görnüşi girizildi. Goşmaça töleg tölenmeli harytlaryň sanawyndan çykarylan harytlara gümrük pajy girizildi (Türkmenistanyň Prezidentiniň 2001-nji ýylyň 26-njy fewralyndaky 5121 belgili karary).

    Türkmenistanyň Prezidentiniň 2000-nji ýylyň 8-nji sentýabryndaky 4828 belgili karary bilen, ýerasty baýlyklary peýdalanmakdan alynýan salgydy, emläk üçin salgydy we döwlet durmuş ätiýäçlandyrmasy üçin geçirilýän serişdeleri hasaplamagyň we tölemegiň tertibi hakynda täze Düzgünnamalar tassyklandy. Esasan, bu üýtgeşmeler agzalan tölegleriň býujete hasaplanyp geçirilmeginiň tertibine, salgyt özeniniň kesgitlenmegi we beýlekiler bilen baglanyşykly meselelere degişli boldy. Mundan başga-da, gazylyp alynýan we ýerlenilýän beýleki peýdaly magdanlar, himiki elementler we birleşmeler üçin olaryň düşewüntlilik derejesine baglylykda (30 göterimden 50 göterime çenli) ýerasty baýlyklary peýdalanmak üçin salgydyň tapawutlanýan möçberi girizildi. Döwlet durmuş ätiýäçlandyrmasy üçin geçirilýän serişdeleriň möçberi 20 göterime çenli azaldyldy.

    Şu karar bilen:

    Türkmenistanyň çäklerine getirilen harytlar gümrük taýdan resmileşdirilende goşulan baha üçin salgydyň tölenilmegi, şeýle hem bu salgydyň daşary ýurtly edara görnüşli taraplardan töleg çeşmesinden alynmagy girizildi;

    maddy önümçilik ugrundaky kiçi kärhanalar üçin jemi umumy girdejiniň 15 göterimi möçberde salgyt tölenmegini göz öňünde tutýan salgyt salmaklygyň ýönekeýleşdirilen ulgamy üýtgedildi;

    öz işini patent esasynda amala aşyrýan hususy telekeçiler üçin aýda 2,5 million manatdan köp bolan jemi umumy girdejiniň 5 göterimi möçberde goşmaça töleg girizildi.

    Ýerli salgytlaryň we ýygymlaryň hasaplanyş tertibi we möçberleri üýtgedildi (Türkmenistanyň Prezidentiniň 2000-nji ýylyň 28-nji sentýabryndaky 4860 belgili karary), şeýle hem olaryň sanawy 5 görnüşe çenli azaltmak bilen üýtgedi.

    Türkmenistanyň Prezidentiniň 2001-nji ýylyň 23-nji noýabryndaky 3506 belgili kararynyň hem uly ähmiýeti boldy. Bu karar ozal ulanylan maliýe jerimeleriň bir näçesiniň ýatyrylmagyny, şeýle hem hususy telekeçiler üçin goşmaça patent töleginiň 1 göterime çenli azaldylmagyny göz öňünde tutýardy.

     

    Türkmenistanyň salgyt ulgamynyň ösüşiniň bäşinji tapgyry 2004-nji ýylyň 25-nji oktýabrynda «Salgytlar hakynda» Türkmenistanyň Bitewi kanunynyň (mundan beýläk – Bitewi kanun) kabul edilmegi boldy.

    Ulanylan salgytlaryň sany (Bitewi kanun kabul edilmezinden öňki 17 görnüşden) azaldyldy we Bitewi kanun tarapyndan bary-ýogy 6 sany salgydyň 5 sany ýerli ýygymyň görnüşi bellenildi.

    Salgyt kanunçylygy ýeterlik derejede ýönekeý we düşnükli bolup, salgytlary hasaplamagyň tertibini we salgyt töleýjileriň salgydy tölemek boýunça öz konstitusion borçlaryny ýerine ýetirenlerinde olaryň gollanmaly düzgünlerini anyk kesgitleýär.

    Türkmenistanyň salgyt syýasaty, bir tarapdan, umumy döwlet we maksatlaýyn döwlet maksatnamalaryny ýerine ýetirmek üçin salgytlaryň Döwlet býujetine öz wagtynda we doly gelip düşmegini üpjün etmek maksady bilen, ýurtda alynyp barylýan salgyt syýasatyny salgyt kanunçylygynyň berjaý edilişine gözegçiligi güýçlendirmek usullaryny kämilleşdirmäge, salgytlary töletdirmek boýunça çäreleri özleşdirmäge gönükdirilendir, beýleki tarapdan bolsa, salgyt töleýjileriň salgyt ýüklerini azaltmaklyga, maýa goýum işini, önümçiligi ösdürmeklige, alnyp barylýan işleriň il-ýurt üçin bähbitli görnüşlerini höweslendirmeklige, senagatyň ähmiýeti has ýokary pudaklaryny ösdürmeklige, hususy telekeçileriň bähbitlerini goramaklyga we goldamaklyga gönükdirilendir.

    Ýurdumyzyň salgyt syýasatynyň oýlanyşykly salgyt ýeňillikleri ulgamy, ykdysadyýetiň dürli ulgamlarynyň, şol sanda oba hojalyk pudagynyň, şeýle hem hususy ulgamyň ösmegini höweslendirýär, daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek üçin amatly şertleri döredýär we, elbetde, ilaty durmuş taýdan goramagyň möhüm gurallarynyň biri bolup çykyş edýär.

    Oba hojalyk pudagyna berilýän salgyt ýeňillikleri muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Mysal üçin, oba hojalyk kärhanalary emläk üçin salgytdan, edara görnüşli taraplaryň peýdasyndan (girdejisinden) alynýan salgytdan boşadylýarlar. Bu aýdylanlar bilim, saglygy goraýyş, derman senagaty we saglygy dikeldiş ulgamyna hem degişlidir. Mundan başga-da, Türkmenistanda belli bir sebäplere görä goraga mätäç bolan raýatlar doly ýa-da bölekleýin salgytlardan, esasanda girdeji salgydyndan boşadylýar.

    Ilkinji zerurlygy bolan azyk önümleri ýerlemegiň ähli tapgyrlarynda goşulan baha üçin salgytdan boşadylýar. Bu bolsa gündelik ulanylýan iýmitleriň bahasynyň galmazlygyna ýeterlik derejede öz oňaýly täsirini ýetirýär.

    Şunuň bilen birlikde, «Salgytlar hakynda» Türkmenistanyň Bitewi kanuny, salgyt hukuk gatnaşyklaryny düzgünleşdirýän hukuk guraly bolup, öz wezipelerini degerli ýerine ýetirmek üçin düýpli kämilleşdirmeleriň we özgertmeleriň yzygiderli geçirilmegini talap edýär. Bu talaby berjaý etmek maksady bilen, Garaşsyz Bitarap döwletimiziň bähbitleri üçin we, şol bir wagtda, ýurdumyzyň her bir raýatynyň bähbitleri üçin amatly şertleri göz öňünde tutýan ençeme kanunlar bilen «Salgytlar hakynda» Türkmenistanyň Bitewi kanuna üýtgetmeler we goşmaçalar girizildi.

    Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurt başyna geçmegi bilen, türkmen halky öz ösüşiniň täze bir taryhy tapgyryna gadam basdy.

    Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda, ýurdumyzda Milli kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan anyk iş çäreleriniň çäklerinde salgyt kanunçylygy hem häzirki döwrüň bildirýän talaplaryna laýyklykda kämilleşdirilýär.

    Salgyt özgertmeleri yzygiderliligi we uly möçberligi bilen tapawutlanýar.

    Olardan iň esasylarynyň biri bolup, dynç almaklygyň halkara merkezine öwrülýän «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyny ösdürmeklik maksady bilen döwletimiziň salgyt ulgamynda hereket edýän esasy salgytlar bolan goşulan baha  üçin salgyt, emläk üçin salgyt we peýdadan (girdejiden) alynýan salgyt boýunça milli syýahatçylyk zolaklarynyň subýekti statusyny alan taraplar, ilkinji 15 ýylyň dowamynda görkezilen salgytlardan boşadylýardy (2007-nji ýylyň 1-nji oktýabryndaky 144-III belgili Türkmenistanyň Kanuny).

    Emma, Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda bu pudagy ösdürmeklige aýratyn ähmiýet we üns bermeginiň netijesinde we daşary ýurt maýa goýujylaryny ýurdumyza giňden çekmek maksady bilen, ýokarda görkezilen çäklendirme (15 ýyl diýlen möhlet) aýrylyp, milli syýahatçylyk zolaklarynyň subýektleri üçin, salgytlaryň ýokarda görkezilen görnüşleri boýunça ýeňillikler çäklendirilmedik möhletde kanunlaşdyryldy (2010-njy ýylyň 12-nji martyndaky 95-IV belgili Türkmenistanyň Kanun).

    Bulardan başga-da, Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyza eksporty goldamak, daşary ýurt maýa goýujylaryny giňden çekmek maksady bilen, Bitewi kanunda göz öňünde tutulan käbir salgyt ýeňilliklerini beýan edýäris.

    1.Goşulan baha üçin salgyt boýunça.

    Bitewi kanunyň 106-njy maddasyna laýyklykda, aşakdaky salgyt salynýan amallar geçirilende goşulan baha üçin salgyt tölenilmeýär:

    amala aşyrylmagy daşary ýurt maýa goýujylaryna dolulygyna degişli bolan serişdeleriň (karz serişdeleri muňa degişli däldir) hasabyna tölenilýän desgalary gurmak boýunça gurluşyk we gurluşyk-gurnama işlerini ýerine ýetirmek;

    diňe erkin ykdysady zolaklary döretmek hakynda kararlarda we bellenilen tertipde baglaşylan şertnamalarda göz öňünde tutulan işleriň maksatlary üçin şular ýaly zolaklaryň (syýahatçylyk-rekreasion kysymly erkin ykdysady zolaklardan başga) gatnaşyjylary bolan taraplara harytlary ýerlemek, işleri ýerine ýetirmek, hyzmatlary etmek;

    emlägi lizinge beriji taraplaryň amala aşyrýan lizing amallary.

    Şular ýaly-da, goşulan baha üçin salgyt ýerlenmegi (salgyt salynýan amallaryň geçirilmegi) şu aşakdaky taraplar tarapyndan amala aşyrylýan harytlar (goşmaça töleg tölenmäge degişli harytlardan başgasy), işler we hyzmatlar üçin tölenmeýär:

    erkin ykdysady zolaklary döretmek hakynda kararlarda we bellenilen tertipde baglaşylan şertnamalarda göz öňünde tutulan işleri amala aşyranlarynda, şular ýaly zolaklaryň (syýahatçylyk-rekreasion kysymly erkin ykdysady zolaklardan başga) gatnaşyjylary bolan taraplar.

    Bulardan başga-da, Bitewi kanunyň 105-nji maddasynyň birinji, ikinji we dördünji tesimleriniň düzgünlerine laýyklykda, salgyt salynýan aşakdaky amallar babatynda goşulan baha üçin salgydyň 0 (nol) göterim derejedäki salgyt möçberi ulanylýar:

    tebigy (ugurdaş) gazy, nebiti, we olary gaýtadan işlemekden alnan önümleri goşmazdan, özüniň öndüren, şeýle hem satyn alnan harytlar daşary ýurtlara ýerlenende;

    harytlaryň (önümleriň) gönüden-göni eksport edilmegini amala aşyrýan Türkmenistanyň dahyllylary bolup durýan hususy telekeçilere we edara görnüşli taraplara, dokma önümleri olary öndürijiler tarapyndan ýerlenende.

    2.Emläk üçin salgyt boýunça.

    Bitewi kanunyň 143-nji maddasyna laýyklykda, diňe erkin ykdysady zolaklary döretmek hakynda kararlarda we bellenilen tertipde baglaşylan şertnamalarda göz öňünde tutulan işleriň maksatlary üçin ulanylýan emläk babatynda şular ýaly zolaklaryň (syýahatçylyk-rekreasion kysymly erkin ykdysady zolaklardan başga) gatnaşyjylary bolan edara görnüşli taraplar, olaryň işiniň birinji on ýylynda emläk üçin salgytdan boşadylýarlar.

    3. Edara görnüşli tarapyň peýdasyndan (girdejisinden) alynýan salgyt boýunça.

    Bitewi kanunyň 170-nji maddasyna laýyklykda, erkin ykdysady zolaklary döretmek hakynda kararlarda we bellenilen tertipde baglaşylan şertnamalarda göz öňünde tutulan işleri amala aşyranlarynda, şular ýaly zolaklaryň (syýahatçylyk-rekreasion kysymly erkin ykdysady zolaklardan başga) gatnaşyjylary bolan edara görnüşli taraplar, olaryň işiniň birinji on ýylynda peýdadan alynýan salgytdan boşadylýar;

    salgyt salynýan peýda maýa goýum taslamasynyň bellige alnan pursatyndan başlap, birinji üç ýylyň dowamynda edara görnüşindäki taraplaryň öz öndüren öý guş we bedene etini (olaryň iýmitlik we iýmitlik däl subönümleri) we olary gaýtadan işlemekligiň netijesinde alnan önümleri ýerlemekden alýan peýdasynyň möçberine kemeldilýär.

    Şeýle hem, Bitewi kanunyň 180-nji maddasynyň düzgünlerine laýyklykda, Türkmenistanyň dahyllylary bolup durmaýan edara görnüşli we şahsy taraplaryň emlägiň lizinge berilmeginden (emlägiň «Uglewodorod serişdeleri hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda potratçylar we kömekçi potratçylar bolup durýan taraplara lizinge berilmegi muňa degişli däldir) alýan girdejileri – lizing şertnamasynyň hereket edýän möhletine girdeji salgydyndan boşadyldy.

    Kiçi we orta telekeçiligiň ösmegi üçin amatly şertleriň döredilmegi babatynda aýdanymyzda, Türkmenistanyň salgyt kanunçylygynda, «Kiçi we orta telekeçiligi döwlet tarapyndan goldamak hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda kiçi we orta telekeçiligiň subýektlerine degişli hususy eýeçilikdäki edara görnüşli taraplar we edara görnüşli tarapy döretmeýän hususy telekeçiler üçin salgyt salmagyň ýönekeýleşdirilen (ýeňillikli) ulgamy degişli edilen.

    Salgyt salmaklygyň ýönekeýleşdirilen (ýeňillikli) ulgamy babatynda aýdanymyzda, bu ulgam onuň adyndan hem görnüşi ýaly, salgyt töleýjileriň işini ýönekeýleşdirmek (ýeňilleşdirmek, aňsatlaşdyrmak) maksady bilen bellenilen.

    Ýagny, bu ulgamyň hereket etmegi, salgyt töleýjileriň salgyt ýüküni azaldýar (bir näçe salgytlaryň (goşulan baha üçin salgyt we emläk üçin salgyt) ýerine bir salgydyň tölenilmegi görnüşinde), salgyt hasabyny ýöretmegi aňsatlaşdyrýar (bir näçe salgytlar boýunça salgyt özenini kesgitlemek, olaryň möçberini hasaplamak zerurlygy aýrylýar) we salgyt hasabatlylygyny bermegi ýönekeýleşdirýär.

    Şeýleleikde, «Kiçi we orta telekeçiligi döwlet tarapyndan goldamak hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda kiçi we orta telekeçiligiň subýektlerine degişli hususy eýeçilikdäki edara görnüşli taraplar we salgyt salmagyň ýeňillikli ulgamy degişli edilen edara görnüşli tarapy döretmeýän hususy telekeçiler tarapyndan diňe bir salgydyň, ýagny girdejiden alynýan salgydyň 2 göterim möçberinde tölenilýändigini we şeýle taraplaryň goşulan baha üçin salgydyň we emläk üçin salgydyň töleýjileri bolup durmaýandygyny, şular ýaly-da bu subýektleriň salgyt hasabatlylygyny ýylda diňe iki gezek tabşyrýandyklaryny bellemek gerek.

    Ýokarda bellenip geçilen ýeňillikler gutarnykly däldir.

    Salgyt kanunçylygyny kämilleşdirmek ugrunda edilen işleriniň ýene bir bellenilip geçilmelisiniň biri, bu – Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň girdejiler bölegini artdyrmak üçin goşmaça çeşmeleri döretmek boýunça geçirilen seljerme işleriň netijesinde Bitewi kanunyň 7-nji «Yerli ýygymlar» atly babynyň 5-nji «Itleriň eýelerinden alynýan ýygym» atly paragrafyndaky bu ýygymyň ykdysady taýdan netijeliliginiň pesdigi, ýerli býujetiň girdejisine gelip gowuşýan serişdeleriň ujypsyzdygy we bütin Türkmenistan boýunça gelip gowuşýan serişdeleriň möçberi ýyl-ýyldan azalmak häsiýetine eýe bolup durýandygy sebäpli, bu ýygymyň ýerine Awtoulag serişdeleriniň eýelerinden alynýan ýygymyň girizilmegi (2018-nji ýylyň 9-njy iýunyndaky 40-VI belgili Türkmenistanyň Kanuny).

    Şunuň bilen birlikde, salgyt edaralarynyň tehniki üpjünçilikleri babatynda aýdanymyzda, ähli salgyt edaralaryny kompýuter enjamlary bilen üpjün edilendigini, ähli Salgyt bölümleriniň arasynda optiki süýmli aragatnaşyk ulgamynyň ýola goýulandygyny we Salgyt müdiriýetiniň tax.gov.tm resmi web-saýtynyň açylandygy bellemek gerek.

    Şular ýaly-da, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli ykdysadyýeti diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, milli ykdysadyýete sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça öňdebaryjy döwletleriň derejesine ýetirmek, elektron senagatyny ösdürmek, adamyň aň-bilim maýasyna, işewürlige we maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň soňky gazananlaryna esaslanýan ösen ykdysadyýeti kemala getirmek, innowasion, ýokary tehnologiýaly, bäsdeşlige ukyply sanly ykdysadyýeti ösdürmek maksady bilen, 2018-nji ýylyň 30-njy noýabrynda Milli Liderimiz tarapyndan 984 belgili «Türkmenistanda 2019–2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyny tassyklamak hakynda» karar kabul edildi we şol karar bilen ady bir Konsepsiýa tassyklanyldy.

    Bu Konsepsiýa laýyklykda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň maksatlaryndan, sanly ykdysadyýetiň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek, ýurdumyzda ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda sanly tehnologiýalary giňden ornaşdyrmak boýunça bellenilen wezipelerden ugur almak bilen, salgyt hukuk gatnaşyklary ulgamyndaky resminama dolanyşygyny Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertipde elektron görnüşde amala aşyrmak boýunça netijeli çäreler durmuşa geçirilýär.

    Salgyt hukuk gatnaşyklarynyň taraplary üçin oňaýly iş şertlerini döretjek, maglumatlaryň ulgamlaşdyrylmagyna we öz wagtynda ýygnalmagyna ýardam etjek «E-Salgyt» ulgamynyň ornaşdyrylmagyny kanunçylyk taýdan berkitmek maksady bilen, 2020-nji ýylyň 22-nji awgustyndaky № 272-VI Türkmenistanyň Kanuny bilen Bitewi kanuna goşmaçalar girizilip, salgyt hukuk gatnaşyklarynda zerur bolan resminamalaryň dolanyşygynyň Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde elektron resminama görnüşinde amala aşyrylyp bilinýändigi bellenildi. Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligine, ministrligiň Salgyt müdiriýetine degişli bolan sanly hyzmatlary bir bitewi web-ulgamynda jemlemek üçin «www.e.fineconomic.gov.tm» web-portaly döredildi we bu web-portala salgyt hukuk gatnaşyklarynda zerur bolan resminamalaryň sanawy we nusgalary, sanly hyzmatlardan peýdalanmagyň tertibi hem-de usuly görkezmeleri girizildi. Ýurduň raýatlary bilen göni aragatnaşyk saklamak üçin bolsa, şeýle hem olaryň gyzyklandyrýan soraglaryna jogap bermek üçin Bu email salgysy spamlardan goranýar. Görmek üçin JavaScript Administrator tarapynyň doly işleýişi üçin hökman işletmeli bolarsyňyz. internet poçtasy döredilen. Häzirki wagtda salgyt töleýjilere salgyt beýannamalaryny we arzalaryny elektron görnüşinde tabşyrmaga mümkinçilik döredildi hem-de mundan beýläk halkara tejribesinden ugur alyp Salgyt müdiriýeti tarapyndan hödürlenilýän sanly hyzmatlaryň möçberini we hilini kämilleşdirmek boýunça zerur çäreler alnyp barylýar.

    Beýan edilenleri jemläp, ýurdumyzyň salgyt syýasatynyň Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan ykdysady syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup, halkymyza agram salman, ýurdymyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynyň düýpgöter özgermegi, hususy telekeçiligiň ynamly ösmegi hem-de daşary ýurt maýa goýumlarynyň yzygiderli artmagy üçin amatly şertleri döretmäge, daşary ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge nazarlanandygyny göz öňünde tutup, ýurdumyzyň salgyt kanunçylygyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça degişli işleriň döwrüň bildirýän talaplaryna laýyklykda geçiriljekdigi barada habar berýär.

     

    Degişli elektron sahypalar

    https://e.fineconomic.gov.tm/old/

    Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligiň sanly hyzmatlar gurşawy

    https://fineconomic.gov.tm/

    Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligiň elektron sahypasy

    Habarlaşmak üçin

    Salgy : 744028 Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 156

    • Tel: +(99312)39-43-78
    • Faks: +(99312)39-21-85
    • Elektron poçta: info@tax.gov.tm
    • Elektron sahypa: http://www.tax.gov.tm
    Copyright © 2022. Ähli hukuklar goralgy.