„Salgytlar hakynda”
Türkmenistanyň bitewi Kanuny
(2005-nji
ýylyň Bitaraplyk aýynyň 27-däki 39-III belgili,
2006-njy ýylyň Alp Arslan
aýynyň 17-däki 53-III belgili, 2007-nji ýylyň
Baýdak 23-däki 94-III
belgili, 2007-nji ýylyň Nowruz aýynyň 17-däki 99-III belgili, 2007-nji ýylyň
Oguz aýynyň 12-däki 123-III belgili we 2007-nji ýylyň
Garaşsyzlyk aýynyň
1-däki 144-III belgili,
2007-nji ýylyň Sanjar aýynyň 23-däki
150-III belgili, 2008-nji ýylyň Türkmenbaşy
aýynyň 27-sinde 170-III
belgili we 2008-nji
ýylyň Nowruz aýynyň 17-däki HM-96 belgili „Salgytlar
hakynda“ Türkmenistanyň bitewi Kanunyna üýtgetmeler we
goşmaçalar girizmek hakynda“ we „Türkmenistanyň
käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we
goşmaçalar girizmek hakynda“ Türkmenistanyň Kanunlary
bilen girizilen üýtgetmeleri we
goşmaçalary hasaba almak bilen.)
I-nji bölek
I bölüm. Umumy
düzgünler
1-nji bap. Esasy
düzgünler
1-nji madda. Türkmenistanyň salgyt
kanunçylygynyň esasy başlangyçlary
1. Şu Bitewi kanun Türkmenistanyň Döwlet býujetine
alynýan salgytlaryň ulgamyny, salgyt salmagyň umumy
ýörelgelerini, salgytlary
tölemek boýunça borçlaryň
ýüze çykmagynyň (üýtgemegini, bes edilmegini) esaslaryny we
ýerine ýetirmegiň tertibini, salgyt
töleýjileriň, salgyt gullugy edaralarynyň hukuklaryny we
borçlaryny, salgyt gözegçiliginiň
görnüşlerini we usullaryny, Türkmenistanyň salgyt
kanunçylygynyň bozulandygy üçin
jogapkärçiligi, salgyt gullugy edaralarynyň
çözgütlerinden we olaryň wezipeli adamlarynyň
hereketlerinden şikaýat etmek hukugyny belleýär.
2. Türkmenistanyň salgyt kanunçylygy
salgyt salmagyň ähliumumylygyny we deňligini ykrar etmäge
esaslanýar.
3. Salgyt töleýji diýlip ykrar edilen her
bir tarap şu Bitewi kanunda bellenen salgytlary tölemäge
borçludyr.
4. Türkmenistanyň salgyt kanunçylygynyň
täze salgytlary belleýän, salgyt möçberlerini
ýokarlandyrýan ýa-da başga bir
görnüşde salgyt töleýjiniň, salgyt
ýumuşçysynyň ýagdaýyny
ýaramazlaşdyrýan salgyt hukuk bozulmalary üçin
jogapkärçiligi güýçlendirýän
namalarynyň gaýdymlaýyn güýji ýokdur.
Türkmenistanyň salgyt kanunçylygynyň
salgytlary ýatyrýan, salgyt möçberlerini
azaldýan ýa-da başga bir görnüşde salgyt
töleýjiniň, salgyt ýumuşçysynyň
ýagdaýyny gowulaşdyrýan, salgyt hukuk bozulmalary
üçin jogapkärçiligi
ýeňilleşdirýän namalarynyň, eger-de bu
şu namalarda göni göz öňünde tutulan bolsa,
gaýdymlaýyn güýji bardyr.
5. Salgyt salmak salgyt borçlaryny ýerine
ýetirmek bilen baglanyşykly ýagdaýlaryň
ýüze çykan senesinde hereket edýän
Türkmenistanyň salgyt kanunçylygynyň namalarynyň
esasynda geçirilýär.
Salgyt kanunçylygynyň bozulandygy baradaky
meselelere seretmek Türkmenistanyň hukuk düzgüniniň
bozulanlygy ýüze çykarylan wagtynda hereket
edýän kanunçylygynyň esasynda alnyp barylýar.
2-nji madda. Türkmenistanyň salgyt hukuk
gatnaşyklaryny düzgünleşdirýän
kanunçylyk
1. Türkmenistanyň salgyt kanunçylygy Türkmenistanyň
Konstitusiýasyna esaslanýar we ol şu Bitewi kanundan hem-de Türkmenistanyň salgyt hukuk gatnaşyklaryny düzgünleşdirýän beýleki kadalaşdyryjy
hukuk namalaryndan ybaratdyr.
Salgyt hukuk gatnaşyklaryny kadalaşdyrýan
namalar şu Bitewi kanunyň esasynda
kabul edilýär we onuň düzgünlerine çapraz
gelip bilmez. Şeýle çapraz gelmeler bar bolan halatynda şu Bitewi kanunyň
düzgünleri ulanylýar.
2. Şu Bitewi kanunyň
düzgünleri Türkmenistanyň “Uglewodorod serişdeleri
hakyndaky” Kanunyna laýyklykda potratçylar we
kömekçi potratçylar bolup durýan taraplara salgyt
salmak babatynda şu Kanunda kesgitlenen
aýratynlyklar göz öňünde tutulyp
ulanylýar.
3. Eger şu Bitewi kanunda başga
ýagdaýlar göz öňünde tutulmadyk bolsa, onda
bu Bitewi kanun gümrük töleglerini almakda ýüze çykýan
gatnaşyklary düzgünleşdirmeýär.
4. Şu Bitewi kanunda başga bir ýagdaý bellenmedik
bolsa, Türkmenistanyň beýleki kanunlarynda salgyt salmak babatynda düzgünler bolmaly däldir.
5. Eger şu Bitewi kanunda
başga ýagdaýlar göz öňünde tutulmadyk
bolsa, Türkmenistanyň raýat we salgyt kanunçylyklarynyň
düzgünlerinde kesgitlenýän salgyt hukuk gatnaşyklaryndaky
islendik düşünjeler Türkmenistanyň salgyt kanunçylygynda oňa berilýän mana eýe
bolmalydyr.
3-nji madda.
Türkmenistanyň salgyt
kanunçylyk namalarynyň güýji
1. Şu Bitewi kanunda bellenenlerden başga
täze salgytlary bellemek, şeýle hem hereket edýän salgytlary üýtgetmek
ýa-da ýatyrmak diňe “Salgyt
hakynda” Türkmenistanyň bitewi Kanunyna üýtgetmeler
we goşmaçalar girizmek hakynda” Türkmenistanyň
Kanunynyň kabul edilmegi bilen amala aşyrylýar.
2. Şu
Bitewi kanuna üýtgetmeler girizýän, täze
salgytlary belleýän ýa-da ulanylýan salgytlary
üýtgedýän Türkmenistanyň kanunlary resmi
taýdan çap edilen gününden başlap bir
aýyň geçmegi bilen, ýöne degişli salgyt
boýunça nobatdaky hasabat döwri tamamlanandan soň
gelýän aýyň 1-inden ir bolmadyk möhletde
güýje girýär.
3. Şu
Bitewi kanuna salgyt töleýjileriň
ýagdaýlaryny gowulandyrýan, şeýle hem hereket edýän salgytlary ýatyrmak baradaky düzgünleri belleýän
Türkmenistanyň kanunlary, eger-de bu olarda göni göz
öňünde tutulan bolsa, çap edilen pursadyndan güýje girip biler.
4-nji madda. Möhletleri hasaplamagyň kadalary
Şu Bitewi kanunda ýa-da
Türkmenistanyň salgyt hukuk gatnaşyklaryny
düzgünleşdirýän başga bir kadalaşdyryjy hukuk namasynda görkezilen
möhletler babatynda Türkmenistanyň
Saparmyrat Türkmenbaşynyň Raýat Bitewi kanunynda göz öňünde tutulan düzgünler ulanylýar.
5-nji madda. Salgyt ýyly
Salgyt ýyly Türkmenbaşy aýynyň 1-inden
başlanýar we Bitaraplyk
aýynyň 31-inde tamamlanýar
hem-de maliýe ýyly bilen gabat gelýär.
6-njy madda. Halkara ylalaşyklary
Eger
Türkmenistanyň halkara ylalaşyklarynda şu Bitewi kanunda
beýan edilen düzgünlerden başga düzgünler bellenen
bolsa, onda halkara ylalaşyklarynyň düzgünleri
ulanylýar.
2-nji bap.
Türkmenistanda salgytlar
7-nji madda. Salgyt we onuň alamatlary
1. Salgyt – döwlet işini maliýe
taýdan üpjün etmek
maksady bilen, döwlet tarapyndan
bellenýän we edara görnüşli we şahsy taraplardan alynýan,
Türkmenistanyň Döwlet býujetine gelip
gowuşýan hökmany, hususy muzdsyz tölegdir.
Salgyt aşakdaky
alamatlaryň bolmagy bilen kesgitlenýär:
salgyt töleýjileriň topary;
salgyt salynýan binýat;
salgyt özeni;
salgyt möçberi (möçberleri);
salgydy hasaplamagyň we tölemegiň
möhletleri we tertibi.
Salgyt bellenende hasabat (salgyt) döwri kesgitlenip,
şeýle hem salgyt ýeňillikleri, salgyt
töleýjiniň olary ulanmagy üçin esaslar göz
öňünde tutulyp bilner.
2. Şu Bitewi kanunda bellenen salgytlar
Türkmenistanyň ähli çäginde hereket
edýärler.
3. Paçlar we ýygymlar salgytlaryň
aýratyn görnüşi hökmünde ykrar
edilýär we olarda salgydyň käbir alamatlary bolman biler.
Şu Bitewi kanunyň kadalary, eger-de onda başga düzgünler göz
öňünde tutulmadyk bolsa, döwlet paçlaryny,
gümrük töleglerini we ýygymlaryny bellemek, girizmek,
hasaplamak we tölemek boýunça şu Bitewi kanunda
bellenilmedik gatnaşyklar babatynda, şeýle hem olaryň
tölenilişine
gözegçilik amala aşyrylanda, olaryň tölenilişine gözegçilik amala
aşyrýan edaralaryň namalaryna, olaryň wezipeli
adamlarynyň hereketlerine (hereket etmezliklerine) şikaýat
edilende we günäkär adamlar jogapkärçilige
çekilende ýüze çykýan gatnaşyklar
babatynda ulanylmaýar.
4. Ylalaşyklara
ýa-da raýat-hukuk häsiýetli gatnaşyklara
laýyklykda tölenýän tölegler, goýumlar we
beýleki tölegler, şeýle hem Türkmenistanyň kanunçylygynyň bozulandygy üçin salynýan
jerimeler hem-de gaýry çäreler salgyt diýlip ykrar edilmeýär.
5. Türkmenistanyň Döwlet býujetine
gelip gowuşýan salgytlar "Býujet ulgamy hakyndaky"
Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, merkezi býujet
bilen ýerli býujetleriň arasynda paýlanýar. Şu Bitewi kanun arkaly bellenilýän
ýygymlar doly ýerli býujetlere
geçirilýär.
8-nji madda. Salgytlar boýunça berilýän ýeňillikler
1. Salgytlar boýunça berilýän
ýeňillikler şu Bitewi kanunda bellenilýär. Hususy häsiýete eýe
bolan ýeňillikleri bermek gadagan edilýär.
2. Salgyt töleýji hukuk esaslary ýüze
çykan pursadyndan we olaryň güýjüniň
bütin döwrüniň içinde salgyt boýunça
ýeňilliklerden peýdalanmaga hukuklydyr.
Salgyt töleýjiniň salgyt
boýunça ýeňillikleri ulanmazlyga, şeýle hem
degişli salgyt ýa-da gümrük edaralaryna
ýazmaça arza beren ýagdaýynda, olary ulanmakdan
ýüz öwürmäge hukugy bardyr. Şu
ýagdaýda salgyt töleýjiniň salgytlar
boýunça ulanmadyk ýokarda görkezilen
ýeňillikleri geçen salgyt döwürlerinden geljekki
salgyt döwürlerine geçirilmäge, geljekki
tölegleriň hasabyna soňundan hasaplaşyk
geçirmäge ýa-da
býujetden öwezi dolunmaga degişli däldir.
Salgyt
töleýji degişli salgyt ýa-da gümrük
edaralaryna ýazmaça arza berende salgytlar boýunça
ýeňilliklerden täzeden peýdalanmaga haky bardyr, emma
bu onuň ýeňilliklerden peýdalanmakdan boýun
gaçyran ýylyndan soňky senenama ýylyndan ir bolmaly
däldir.
3. Eger şu Bitewi kanunda gaýry
ýagdaýlar göz öňünde tutulmadyk bolsa,
salgytlar boýunça berlen ýeňillikler Türkmenistanyň salgyt kanunçylygynda kesgitlenen beýleki
borçlary ýerine ýetirmezlige getirmeli däldir.
9-njy madda. Salgytlaryň hasaplanýan we tölenýän pul birligi
1. Eger-de Türkmenistanyň kanunçylygynda gaýry
ýagdaýlar göz
öňünde tutulmadyk bolsa, onda
salgytlar Türkmenistanyň milli
pulunda hasaplanýar we tölenýär.
2. Salgyt salmak maksady bilen, daşary
ýurt pulunda geçirilýän islendik amallar, amallaryň
geçirilýän gününde Türkmenistanyň Merkezi bankynyň
bellän resmi hümmeti boýunça, resmi hümmeti bellenmedik daşary ýurt pullary bolsa, eger şu Bitewi kanunda başga
ýagdaýlar göz öňünde tutulmadyk bolsa,
ABŞ-nyň dollary babatynda kross –
hümmet boýunça
Türkmenistanyň milli puluna hasaplanýar.
II bölüm.
Salgyt hukuk gatnaşyklary we olara
gatnaşyjylar
1-nji bap.
Salgyt hukuk gatnaşyklaryna gatnaşyjylar
10-njy
madda. Salgyt hukuk gatnaşyklarynyň mazmuny
Salgyt hukuk
gatnaşyklary Türkmenistanyň salgyt kanunçylygyny berjaý etmegiň barşynda salgyt
hukuk gatnaşyklaryna gatnaşyjylaryň arasynda ýüze
çykýan hukuklaryň we (ýa-da) borçlaryň
jemini öz içine alýar.
11-nji madda. Salgyt hukuk gatnaşyklaryna gatnaşyjylar
Salgyt
töleýji, salgyt töleýjiniň salgyt hukuk
gatnaşyklaryna gatnaşmagyna wekilçilik edýän
beýleki taraplar, şeýle hem şu Bitewi kanunynyň 13-nji maddasynda görkezilen ygtyýarly edaralar salgyt hukuk gatnaşyklaryna gatnaşyjylar bolup durýarlar.
12-nji
madda. Salgyt töleýji we onuň salgyt hukuk gatnaşyklaryna
gatnaşmaga wekilçilik edýän beýleki taraplar
1. Şu Bitewi kanunda göz öňünde tutulan
ýagdaýlar ýüze
çykanda kesgitli salgyt tölemek
borçlary üstüne ýüklenen şahsy we (ýa-da) edara görnüşli taraplar
salgyt töleýjiler
diýlip ykrar edilýär.
Salgyt töleýjiler – şerekete gatnaşyjylar tarapyndan salgyt tölemek boýunça borçlar öz işini Türkmenistanyň çäklerinde amala aşyrýan, şerekete gatnaşyjylaryň biriniň üstüne ýüklenip bilner. Salgyt töleýjiler – şerekete gatnaşyjylar salgyt tölemek boýunça borçlary ýerine ýetirmekde paýlary boýunça jogapkärçilik çekýärler. “Şereket” adalgasy Türkmenistanyň Saparmyrat Türkmenbaşynyň Raýat Bitewi kanunynda kesgitlenen manys