Türkmenistanyň Baş döwlet salgyt gullugy

 

¹  395/1  11.02.08ý

 

Welaýatlar we Aşgabat şäheri boýunça döwlet salgyt gulluklaryna

 

 

Hususy telekeçileriň işini has-da ösdürmek we işiň ygtyýarlylandyrylmaga degişli görnüşleri amala aşyrylanda gözegçiligi güýçlendirmek maksady bilen, şeýle hem «Salgytlar hakynda» Türkmenistanyň bitewi Kanunynyň 200-nji maddasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti 2008-nji ýylyň Baýdak aýynyň 8-inde ¹ 9478 «Hususy telekeçilere salgyt salmagyň ýeňillikli ulgamy bellenilen işleriň görnüşleriniň we olar boýunça kesgitlenen patent tölegleriniň sanawyny tassyklamak hakynda» karar kabul etdi.

Şol karar bilen, hususy telekeçilere salgyt salmagyň ýeňillikli ulgamy bellenilen işleriň görnüşleriniň we olar boýunça kesgitlenen patent tölegleriniň Sanawy tassyklandy (goşulýar).

Kesgitlenilen patent tölegleriniň täze möçberleri 2008-nji ýylyň Nowruz aýynyň 1-inden güýje girizildi.

Salgyt salmagyň ýeňillikli ulgamyny 2008-nji ýylyň Nowruz aýynyň 1-inden başlap ulanmaly edildi. «Işiň aýry-aýry görnüşlerine ygtyýarlylandyrmak hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda işiň ygtyýarnama almaga degişli görnüşleri boýunça patentleri diňe hususy telekeçi ygtyýarnama alanyndan soň bermeli edildi.

Ýaşaýyş jaý meýdanyny kärendä (kireýine) bermek boýunça patent, şertnama degişli ýerine ýetiriji ýerli häkimiýet we öz-özüňi dolandyryş edaralarynda bellige alnandan soň berilmeli edildi. Welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimliklerine Ýaşaýyş jaý meýdanyny kärendä (kireýine) bermek boýunça şertnamalary bellige almagyň Tertibini Türkmenistanyň Ykdysadyýet we maliýe ministrligi hem-de Türkmenistanyň Baş döwlet salgyt gullugy bilen ylalaşyp, on gün möhletde işläp taýýarlamaklyk we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine bermeklik tabşyryldy.

«Telekeçilik işiniň görnüşleriniň we patent töleginiň bellenilen möçberleriniň sanawyny tassyklamak hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2006-njy ýylyň Türkmenbaşy aýynyň 2-sinde çykaran ¹ 7690 kararynyň (TBDSG-nyň 2006-njy ýylyň Türkmenbaşy aýynyň 2-sindäki ¹ 7/1 hatynyň 2-nji bendi) (Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hükümetiniň çözgütleriniň 2006-njy ýyldaky 1-nji ýygyndysynyň 694-nji maddasy) 1-nji bölümi güýjüni yitiren hasap edildi.

Ýokarda görkezilenleri maglumat we işde ulanmak üçin garamagyňyzdaky döwlet salgyt gulluklarynyň dykgatyna ýetiriň.

 

 

Goşundy 10 sahypada. (PDF format: turkmen dilinde, rus dilinde)

 

 

 

Başlygyň Orunbasary                                                   P.Prýaniçnikow