Türkmenistanyň
Baş döwlet salgyt gullugy we Türkmenistanyň
Ykdysadyýet we
maliýe ministrligi
¹ 348/1 05.02.08ý.
|
|
Welaýatalar we Aşgabat
şäheri boýunça döwlet salgyt
gulluklaryna |
|
|
Welaýatlaryň we Aşgabat
şäheriniň Baş ykdysadyýet we maliýe
müdirliklerine |
Türkmenistanyň Baş döwlet salgyt gullugy we
Türkmenistanyň Ykdysadyýet we maliýe ministrligi,
Türkmenistanyň Prezidentiniň manadyň resmi
hümmediniň üýtgedilmegi babatyndaky 2007-nji
ýylyň Bitaraplyk aýynyň 27-sinde kabul eden 9328 belgili
«Türkmenistanda daşary ýurt pulunda
geçirilýän amallary kämilleşdirmegiň
meseleleri hakynda» karary bilen baglylykda, şu aşakdakylary habar
berýärler.
1. Milli ykdysadyýetimizde daşary ýurt pul
dolanyşygyny kadalaşdyrmak, oňa gözegçiligi
güýçlendirmek, manadyň daşary ýurt puly
babatynda ýeke-täk hümmete tapgyrlaýyn geçmek
üçin oňaýly şertleri döretmek,
şeýle hem daşary ykdysady gatnaşyklarda işjeňligi
ýokarlandyrmak, daşary ýurt maliýe maýa
goýumlaryny çekmek maksady bilen, Türkmenistanyň
Prezidenti 2007-nji ýylyň Bitaraplyk aýynyň 27-sinde
9328 belgili karar kabul etdi. Şol karar bilen, Türkmenistanyň
Merkezi bankyna 2008-nji ýylyň Türkmenbaşy
aýynyň 1-inden, 1 amerikan dollarynyň resmi hümmetini
6250 manat möçberde we 1 amerikan dollarynyň
täjirçilik hümmetini, aratapawutdaky girdejileri hasaba almak
bilen, 20 000 manatdan ýokary bolmadyk möçberde
bellemäge ygtyýar berildi.
Şunuň bilen baglylykda,
daşary ýurt pulundaky amallar boýunça hümmet
aratapawudyny, şol sanda bergileri gaýtadan bahalandyrmagyň aratapawudyny
dogry ýöretmek üçin, resminamalaýyn we kameral
salgyt barlaglaryny geçirenlerinde döwlet salgyt gulluklary
Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň we
«Salgytlar hakynda» Türkmenistanyň bitewi Kanunynyň şu
düzgünlerine üns bermelidirler.
Türkmenistanyň
Prezidentiniň ýokarda görkezilen kararynyň 6-njy
bölümine laýyklykda, eýeçiliginiň
görnüşine garamazdan ähli kärhanalar, edaralar we
telekeçiler daşary ýurt pulundaky hasaplaryndaky we
daşary ýurt pulundaky geçirilmäge degişli
hasaplaşyk hasaplaryndaky 2008-nji ýylyň Türkmenbaşy
aýynyň 1-indäki ýagdaýa görä bar bolan
galyndylaryny Türkmenistanyň Merkezi bankynyň resmi hümmeti
boýunça gaýtadan bahalandyrmaklyk tabşyrylan.
2. Buhgalter hasaba
alnyşynyň maksatlary üçin şular hasaba
alynýar.
«Buhgalterlik hasaba alnyşy hakynda» Türkmenistanyň
Kanunynyň 6-njy maddasyna laýyklykda, buhgalterlik hasaba
alnyşy Türkmenistanyň milli pulunda alnyp barylýar.
Daşary ýurt pulundaky amallaryň hasaba alnyşy şol
amallaryň amala aşyrylan pursatyna çenli bellenilen
Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan daşary ýurt
pullarynyň hümmetlerine laýyklykda gaýtadan hasaplanyp
çykarylýar diýilip görkezilýär.
Türkmenistanyň
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasarynyň 2005-nji
ýylyň Türkmenbaşy aýynyň 20-däki AD/04
belgili buýrugy bilen tassyklanylan, Kärhanalaryň
maliýe-hojalyk işleriniň buhgalterlik hasaba
alnyşynyň hasaplarynyň meýilnamasyny ulanmak
boýunça Düzgünnamanyň V bölümine
laýyklykda, daşary ýurt pulundaky pul serişdeleri we
olar boýunça amallar bu bölümiň hasaplarynda
pul-hasaplaşyk resminamalarynyň ýazylan senesindäki
hümmeti boýunça hasaplamak arkaly, manat
möçberinde hasaba alynýar. Şol bir wagtda, bu
serişdeler we amallar hasaplaşyklarda we töleglerde daşary
ýurt pulunda görkezilýär. Daşary ýurt pulundaky
amallar boýunça hümmetiň aratapawudy, şol sanda
buhgalterlik balansynyň düzülen gününde galan pul
serişdelerine gaýtadan baha kesilmegi netijesinde emele gelen
aratapawudy 80“Peýdalar we zyýanlar” hasabyna
eltilýär.
3. Salgyt salmak maksady üçin şular hasaba
alynýar.
«Salgytlar hakynda» Türkmenistanyň bitewi Kanunyň 9-njy
maddasynyň 2-nji bölüminde, salgyt salmak maksady bilen,
daşary ýurt pulunda geçirilýän islendik amallar,
amallaryň geçirilýän gününde
Türkmenistanyň Merkezi bankynyň bellän resmi hümmeti
boýunça, resmi hümmeti bellenmedik daşary ýurt
pullary bolsa, eger şu bitewi Kanunda başga ýagdaýlar
göz öňünde tutulmadyk bolsa, ABŞ-nyň dollary
babatynda kross – hümmet boýunça Türkmenistanyň
milli pulunda hasaplanýar diýilip bellenilen.
3.1 Goşulan baha üçin salgyt hasaplanylanda
şular hasaba alynýar.
Bitewi Kanunyň 100-nji
maddasynyň 3-nji bölüminden gelip çykyşy
ýaly, harytlaryň (işleriň, hyzmatlaryň) daşary
ýurt pulundaky bahalary, şeýle hem salgyt özenine goşulýan
daşary ýurt pulundaky serişdeler Türkmenistanyň
Merkezi bankynyň salgyt salynýan amallaryň geçirilen
senesindäki resmi hümmeti boýunça manatda
hasaplanýar. Salgyt salynýan amallaryň geçirildi
diýlip hasap edilýän döwri bitewi Kanunyň 109-njy
maddasynyň düzgünlerine laýyklykda kesgitenýär.
Bitewi Kanunyň 110-njy
maddasynda, goşulan baha üçin salgyt hasaba alynýan
daşary ýurt pulunda amallar edilen ýagdaýynda
haýsydyr bir aýratynlyklar bellenilmýär. Şunda,
şol maddanyň 2-nji bölüminde harytlary (işleri,
hyzmatlary) iberijilere tölenen, goşulan baha üçin
salgydyň pul möçberini hasap etmek üçin, şu
bitewi Kanunyň 107-nji maddasynda bellenen tertipde ýazylyp
berilýän hasap-faktura we iberiji (potratçy) bilen
tölegiň (hasaplaşyklaryň) geçirilendigini
tassyklaýan resminamalar esas bolup durýar.
Şeýlelik-de, şunuň ýaly ýagdaýda
salgydyň hasap-fakturada görkezilen möçberi hasaba
alynýar.
Bitewi Kanunyň 109-njy
maddasynyň 1-nji bölümine laýyklykda, harytlaryň
iberilen (berlen), işleriň ýerine ýetirilen we
buýruja tabşyrylan (şol sanda tapgyrlaýyn
tabşyrylanda) we hyzmatlaryň tamamlanan hasabat (salgyt)
döwründe salgyt salynýan amallar geçirildi hasap
edilýär. Salgyt töleýji geleşikden ýa-da
ylalaşykdan gelip çykýan ähli borçlary
ýerine ýetirende we degişli pul möçberi
gürrüňsiz oňa tölenmäge (öwezi dolunmaga)
degişli bolsa, bu hukugyň kanagatlandyrylmagy soňa
süýşürilen ýa-da tölegler
bölekleýin amala aşyrylan halatynda hem, harytlary ibermek
(bermek) geçirildi, işler ýerine ýetirildi, hyzmatlar
bolsa edildi hasap edilýär.
Şonuň üçin hem,
2007-nji ýylyň Bitaraplyk aýynyň 31-ine çenli
(31-ini goşmak bilen) iberilen (berlen) harytlar, ýerine
ýetirilen we buýruja tabşyrylan (şol sanda
tapgyrlaýyn tabşyrylan) işler we tamamlanan hyzmatlar
boýunça daşary ýurt pulundaky salgyt salynýan
amallar, eger-de hasap-fakturalar 2008-nji ýylyň
Türkmenbaşy aýynyň 1-ine we ondan hem soň berlen
bolsa-da, öň hereket eden hummet (5200 manat) boýunça
manada öwrülýär geçirilýär.
Bitewi Kanunyň 108-nji
maddasynyň 2-nji bölüminiň talaplaryna laýyklykda, daşary
ýurtly edara görnüşli tarapdan ýa-da daşary
ýurtly şahsy tarapdan - hususy telekeçiden goşulan baha
üçin salgyt tutulyp alnanda, satyn alynýan
harytlaryň (işleriň, hyzmatlaryň) bahasyny
töleýän salgyt ýumuşçysy tarapyndan salgydyň
pul möçberi, şonuň ýaly tarapa tölenmäge
degişli serişdelerden, her gezek tölenende tutulyp
alynýar.
Satyn alynýan harytlaryň
(işleriň, hyzmatlaryň) bahasynyň tölenýän
wagtynda salgydyň hökman hasaplanylmagy bilen baglylykda,
şeýle salgyt salynýan amalyň bahasy, şeýle
salgydyň hökman hasaplanylmaly we tutulyp alynmaly senesinde hereket
edýän hümmet boýunça hasaplanylýar.
3.2 Goşmaça
tölegleri hasaplamak maksady üçin şular hasaba
alynýar.
Bitewi Kanunyň 117-nji
maddasynyň 10-njy bölüminde, goşmaça tölegleri
hasaplamak maksady bilen, daşary ýurt pulundaky – salgyt
salynýan amallaryň bahasy, salgyt özenini artdyrýan pul
serişdeleriniň möçberi, harytlaryň gümrük
bahasy Türkmenistanyň Merkezi bankynyň hümmeti
boýunça aşakdakylara degişlilikde manatda
hasaplanýar diýilip bellenilen:
salgyt salynýan amallaryň
geçirilen senesindäki hümmet boýunça;
Türkmenistanyň
gümrük çägine goşmaça töleg
tölenmäge degişli harytlar getirilende goşmaça
tölegiň tölenen senesindäki hümmet
boýunça.
Salgyt salynýan amallaryň
geçirildi diýlip hasap edilýän döwri bitewi
Kanunyň 109-njy maddasynyň düzgünlerine laýyklykda
kesgitlenýär.
3.3 Ýerasty
baýlyklardan peýdalanmak üçin salgydy hasaplamak
maksady üçin şular hasaba alynýar.
Bitewi Kanunyň 131-nji
maddasynyň 8-nji bölümine laýyklykda, ýerasty
baýlyklardan peýdalanmak üçin salgydy hasaplamak
üçin, gazylyp alynýan peýdaly zatlaryň
daşary ýurt pulundaky bahasy olaryň ýerlenen pursadynda
Türkmenistanyň Merkezi bankynyň hümmeti boýunça
manatda hasaplanýar.
Salgyt salynýan amallaryň
(ýerlemekligiň) geçirildi diýlip hasap
edilýän döwri goşulan baha üçin
salgydyňky ýaly, bitewi Kanunyň 109-njy maddasynyň
düzgünlerine laýyklykda kesgitlenýär.
3.4 Emläk üçin
salgydy hasaplamak maksady üçin şular hasaba
alynýar.
Bitewi Kanunyň 140-njy
maddasynyň 1-nji bölüminden gelip çykyşy
ýaly, aşakdakylar emläk üçin salgydyň salgyt
özeni bolup durýar:
esasy serişdeler
boýunça - olaryň ortaça ýyllyk galyndy bahasy;
maddy dolanyşyk serişdeleri
boýunça - olaryň ortaça ýyllyk bahasy.
Maddy dolanşyk
serişdeleriniň ortaça ýyllyk bahasy buhgalter
hasabynyň maglumatlary we salgyt salynýan binýatlar baradaky
gaýry resminamalar arkaly tassyklanan maglumatlaryň esasynda
kesgitlenýär.
Türkmenistanyň
Ykdysadyýet we maliýe ministrliginiň 2006-njy
ýylyň Nowruz aýynyň 11-indäki 31 belgili
buýrygy bilen tassyklanylan, Esasy serişdeleri buhgalterlik hasaba
alnyşy boýunça Düzgünnamanyň
(Türkmenistanyň Adalat ministrliginde 2006-njy ýylyň
Gorkut aýynyň 17-sinde 400 san bilen bellige alynan) 33-nji
bölüminde, esasy serişdeler daşary ýurt pulunda
satyn alnan ýagdaýynda, edaralar olary satyn alan
senesindäki hereket edýän Türkmenistanyň Merkezi
bankynyň daşary ýurt pulunyň hümmetine
laýyklykda gaýtadan hasaplamak bilen manatda
bahalandyrylýar diýilip bellenilen.
Türkmenistanyň Ykdysadyýet we maliýe
ministrliginiň 2005-njy ýylyň Bitaraplyk aýynyň
14-indäki 83 belgili buýrygy bilen tassyklanylan, Kärhanalarda
materiallary hasaba almak boýunça Düzgünnamanyň (Türkmenistanyň
Adalat ministrliginde 2006-njy ýylyň Gorkut aýynyň
11-inde 394 san bilen bellige alynan) 12-nji bölüminden gelip
çykyşy ýaly, satyn alnanda bahasy daşary ýurt
pulunda kesgitlenen haryt-maddy ätiýaçlyklara baha kesmek
kärhana tarapyndan ylalaşyk boýunça
ätiýaçlyklaryň buhgalterlik hasaba alnyşyna kabul
edilen senesinde hereket edýän Türkmenistanyň Merkezi
banky tarapyndan kesgitlenýän hümmeti boýunça
gaýtadan hasaplamak arkaly manatda geçirilýär.
3.5 Edara görnüşli
tarapyň peýdasyndan (girdejisinden) alynýan salgyt
hasaplanylanda şular hasaba alynýar.
3.5.1 Bitewi Kanunyň 168-nji
maddasynyň 6-njy bölüminden gelip çykyşy
ýaly, daşary ýurt pulundaky girdejiler, salgyt salmak
maksady üçin degişli girdejiniň alnan senesinde
Türkmenistanyň Merkezi bankynyň bellän hümmetine
laýyklykda manatda hasaplanýar.
Bitewi Kanunyň 149-njy
maddasynyň 2-nji bölüminiň «h» bölümçesine
laýyklykda, daşary ýurt pulundaky amallar
boýunça, şeýle hem pul gymmatlyklarynyň we
talapnamalaryň bahasy artdyrylanda ýa-da daşary ýurt
pulundaky borçlar arzanladylanda oňyn hümmet aratapawutlary
ýerlemekden daşarky girdejilere degişli.
Bitewi Kanunyň 159-njy
maddasynyň düzgünlerine laýyklykda, ýerlemekden
daşarky çykdajylaryň (ýitgileriň)
düzümine daşary ýurt puly bilen amallar
boýunça, şeýle hem daşary ýurt pulundaky
gymmatlyklar we talaplar arzanladylanda ýa-da daşary ýurt
pulundaky borçnamalaryň bahasy ýokarlandyrylanda
ýüze çykýan ýaramaz hümmet aratapawudy
goşulýar.
Bitewi Kanunyň 168-nji
maddasynyň 5-nji bölüminden gelip çykyşy
ýaly, bitewi Kanunyň 149-njy maddasynyň 2-nji
bölüminiň «h» bölümçesinde görkezilen
girdejiler boýunça, daşary ýurt pulundaky
amallaryň geçirilen güni ýa-da daşary ýurt
pulunyň hümmetiniň üýtgedilen güni
girdejileriň alnan güni diýilip hasap edilýär.
Bitewi
Kanunyň 168-nji maddasynyň 1-nji bölümine
laýyklykda, harytlary ýerlemekden, işleri ýerine
ýetirmekden, hyzmatlary etmekden girdejiler tölegiň pul
serişdeleri ýa-da gaýry emläk (işler, hyzmatlar)
görnüşinde hakyky gelip gowşuşyna garamazdan,
harytlaryň ýüklenen (iberilen), işleriň
ýerine ýetirilen, hyzmatlaryň edilen hasabat (salgyt)
döwründe alnan diýlip hasap edilýär.
Şonuň üçin hem, 2007-nji
ýylyň Bitaraplyk aýynyň 31-ine çenli (31-ini
goşmak bilen) iberilen (berlen) harytlar, ýerine ýetirilen
we buýruja tabşyrylan (şol sanda tapgyrlaýyn
tabşyrylanda) işler we tamamlanan hyzmatlar boýunça
daşary ýurt pulundaky girdejiler, eger-de hasap-fakturalar 2008-nji
ýylyň Türkmenbaşy aýynyň 1-ine we ondan hem
soň berlen bolsa-da, öň hereket eden hummet boýunça
manada geçirilýär. Şeýle harytlaryň
(işleriň, hyzmatlaryň) bahasy tölenende, bergileriň
gaýtadan hasaplanmagy netijesinde ýüze çykýan
hümmet aratapawudy ýerlemekden daşarky çykdajylara
degişli edilýär.
3.5.2 Bitewi Kanunyň 171-nji
maddasynyň 6-njy bölümine laýyklykda, hususy
eýeçilikdäki edara görnüşli taraplar
üçin (öz işini "Uglewodorod serişdeleri
hakynda" Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda amala
aşyrýan taraplardan başga) şu bitewi Kanunyň 149-njy
maddasyna laýyklykda kesgitlenýän umumy girdejiniň
möçberi, ony aýyrmalaryň möçberine (şu
bitewi Kanynyň 154-nji maddasynyň 2-nji bölüminiň
"b" we "ç" bölümçelerinde
bellenilen aýyrmalardan başga) azaltmazdan, salgyt özeni bolup
durýandygyna ünsüňizi çekýäris.
Bitewi Kanunyň 159-njy maddasyna laýyklykda
görkezilişi ýaly, ýaramaz hümmet aratapawudy,
bitewi Kanynyň 154-nji maddasynyň 2-nji bölüminiň
"e" bölümçesinde görkezilen ýerlemekden
daşarky çykdajylaryň (ýitgileriň)
düzüminde hasaba alynýar, şol sebäpli-de hususy
eýeçilikdäki edara görnüşli taraplaryň
edara görnüşli tarapyň peýdasyndan (girdejisinden)
alynýan salgydyň salgyt özeni hasaplanylanda ol hasaba
alynmaýar (aýrylmaýar).
3.5.3 Mundan başga-da, öz işlerini «Uglewodorod
serişdeleri hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda
amala aşyrýan taraplarda ýokarda görkezilen sorag
boýunça ýüze çykýan
aýratynlyklara üns berilmeli.
«Salgytlar hakynda» Türkmenistanyň bitewi Kanunynyň 177-nji
maddasy öz işini «Uglewodorod serişdeleri hakynda»
Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda amala aşyrýan
edara görnüşli taraplaryň peýda üçin
salgydyny hasaplamak şu Kanunyň düzgünlerine
laýyklykda geçirilýändigini belleýär.
Şeýle hem bu maddada, öz işini «Uglewodorod
serişdeleri hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda
amala aşyrýan daşary ýurtly edara
görnüşli taraplar peýdadan (girdejiden) alynýan
salgydy ýörgünli daşary ýurt pulunda, şol sanda
salgyt ýumuşçysynyň üstünden hem
töläp bilerler diýlip görkezilýär.
Ýokarda görkezilen Kanunyň 47-nji maddasyna
laýyklykda, potratçy we kömekçi potratçy
tarapyndan daşary ýurt pulundaky amallaryň
geçirilmeginiň tertibi Türkmenistanyň hereket
edýän kanunçylygy arkaly kesgitlenýär we
şertnamada beýan edilýär.
Şeýle hem şu Kanunyň 50-nji maddasynda buhgalterlik
hasabynyň pul birligi hökmünde ýörgünli
daşary ýurt puly ulanylýar we döwürleýin we
ýyllyk hasabaty üçin Türkmenistanyň Merkezi
bankynyň resmi çalşyş hümmeti boýunça
daşary ýurt puluny öwürmek arkaly hasaplanylýan
Türkmenistanyň milli puly ulanylýar diýlip bellenilen.
Ýokarda beýan edilenlere laýyklykda, öz
işlerini ýokarda görkezilen Kanunyň esasynda amala
aşyrýan taraplara aşakdakylar göz öňünde
tutulmalydyr:
haçan-da buhgalterlik hasabynyň pul birligi hökmünde
ýörgünli daşary ýurt puly ulanylsa, manadyň
ABŞ-nyň dollaryna bolan resmi hümmetiniň
üýtgemegi, hümmetiň aratawudynyň döremegine
getirmeýär;
hasaplaşyk hasabynda we pulhanada manatlardaky serişdeleriň
galyndysy, şeýle hem manatdaky debitor we kreditor bergiler
boýunça ýüze çykýan hümmet
aratapawudy maliýe hasabaty, şeýle hem 2008-nji ýyl
üçin edara görnüşli taraplaryň
peýdasyndan (girdejisinden) alynýan salgyt boýunça
beýannama düzülende göz öňünde
tutulýar;
Türkmenistanyň Baş döwlet salgyt
gullugynyň başlygynyň 2004-nji ýylyň Sanjar
aýynyň 30-yndaky ¹ 71-Ö buýrugy we
Türkmenistanyň Ykdysadyýet we maliýe ministriniň
wezipesini ýerine ýetirijiniň 2004-nji ýylyň
Sanjar aýynyň 30-yndaky ¹ 55 buýrugy bilen tassyklanan,
(Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan 2004-nji
ýylyň Bitaraplyk aýynyň 9-ynda ¹ 330 bilen bellige
alynan) «Salgytlar hakynda» Türkmenistanyň bitewi Kanunynyň II bölegi bilen bellenilen salgyt beýannamalarynyň we
beýleki resminamalaryň görnüşlerini ulanmak
boýunça Usuly görkezmeleriň 6-njy
bölüminiň 2-nji bölümçesindäki edara
görnüşli tarapyň peýdasyndan (girdejisinden) alynýan
salgyt boýunça beýannamanyň (¹ 20 goşundy)
degişli setirlerine düşündirişlerden gelip
çykyşy ýaly, Türkmenistanyň «Uglewodorod
serişdeleri hakynda» Kanunyna laýyklykda işlerini amala
aşyrýan edara görnüşli taraplar üçin,
haçan-da nebit işlerini ýerine ýetirmek boýunça
şertnama laýyklykda, salgydy hasaplamaklyk ABŞ-nyň
dollarynda bellenilen bolsa – ABŞ-nyň dollarynda
görkezilýär. Şol sebäpli hem, Edara
görnüşli tarapyň peýdasyndan (girdejisinden)
alynýan salgyt boýunça beýannamanyň 37.1-nji
setirinde, 37-nji setirdäki (goşmaça hasaplanmaga degişli
peýdadan (girdejiden) alynýan salgydyň pul
möçberi) hasabat döwründäki aýyň
soňky senesindäki hümmet boýunça manatda
hasaplanylan pul möçberi görkezilýär.
Degişlilikde edara görnüşli taraplaryň
peýdasyndan (girdejisinden) alynýan salgyt boýunça
beýannamanyň 38.1-nji setirinde 38-nji setirdäki (azaldylmaga
degişli peýdadan (girdejiden) alynýan salgydyň pul
möçberi) hasabat döwründäki aýyň
soňky senesindäki hümmet boýunça manatda
hasaplanylan pul möçberi görkezilýär.
3.5.4 Türkmenistandaky çeşmelerden
girdeji alýan, Türkmenistanyň dahyllylary bolup
durmaýan edara görnüşli taraplaryň girdeji salgydy
hasaplananda aşakdakylar hasaba alynýar.
«Salgytlar hakynda» Türkmenistanyň bitewi
Kanunynyň 168-nji maddasynyň 6-njy bölümine
laýyklykda, daşary ýurt pulundaky girdejiler, salgyt salmak
maksady üçin degişli girdejiniň alnan senesinde
Türkmenistanyň Merkezi bankynyň bellän hümmetine
laýyklykda manatda hasaplanýar.
Şunda, 180-nji maddanyň 1-nji bölümi
Türkmenistanyň dahyllylary bolup durmaýan edara
görnüşli taraplar Türkmenistanyň
çäklerinde hemişelik wekilhananyň döredilmegine we
Türkmenistandaky töleg çeşmesinden başga
girdejileriň alynmagyna getirmeýän işi amala
aşyrmakdan Türkmenistandaky çeşmelerden girdeji
alanlarynda we Türkmenistandaky çeşmelerden gaýry
girdeji alan ýagdaýynda, girdeji salgydy salgyt
ýumuşçysy tarapyndan salgyt töleýjiniň jemi
girdejisinden aýyrmalary geçirmezden, tutulyp alynýar,
muňa goşulan baha üçin salgyt girmeýär
(salgyt özeni) diýip bellenýär. Şunda girdeji
salgydynyň möçberi şunuň ýaly edara
görnüşli tarapa tölenmäge degişli
serişdelerden, her gezekki töleglerde, şol sanda şunuň
ýaly tölegler Türkmenistanyň daşynda
geçirilýän hem bolsa, tutulyp alynýar. Diýmek,
görkezilen taraplaryň girdejileri olara tölegler
geçirilen ýa-da talaplaryň islendik görnüşde
bes edilen pursatynda alnan hasap edilýär.
Salgydyň töleg geçirilen pursatynda hasaplanylmalydygy
bilen baglylykda, salgydy töleg çeşmesinden tutulyp
alynýan daşary ýurtly edara görnüşli
taraplaryň girdejisi, şeýle salgydyň hasaplanmaly we
tutulyp alynmaly senesinde hereket edýän hümmet
boýunça hasaplanylýar.
3.6 Şahsy adamlardan alynýan girdeji salgydy we döwlet durmuş ätiýaçlandyrmasyna
geçirilýän serişdeler hasaplanylanda
şular hasaba alynýar.
«Salgytlar hakynda» Türkmenistanyň bitewi Kanunynyň 187-nji
maddasynyň 2-nji bolüminde kesgitlenilşi ýaly, şahsy
adamlardan alynýan girdeji salgydy hasaplamak maksady bilen, salgyt
töleýjiniň eýeçiliginde we erk etmeginde bar
bolan nagt we nagt däl daşary ýurt puly (hususy
telekeçiniň telekeçilik maksatlary üçin
ulanýan, onuň pulhanasyndaky we bank hasabyndaky daşary
ýurt puly muňa girmeýär) boýunça
oňaýly hümmet aratapawudyna girdeji hökmünde
seredilmeýär.
«Salgytlar hakynda»
Türkmenistanyň bitewi Kanunynyň 200-nji maddasynyň 4-nji
bolümine laýyklykda hususy telekeçileriň
goşmaça patent tölegi harytlary (işleri, hyzmatlary)
ýerlemekden alynýan girdejini, şeýle hem şu
maddanyň 5-nji we 6-njy bölümlerinde bellenen ýerlemekden
daşarky amallardan alnan aýry-aýry girdejileri we çykdajylary
(ýitgileri) öz içine alýan umumy girdejiniň
jeminden hasaplanýar.
Bitewi Kanunyň görkezilen maddasynyň 5-nji bolümine
laýyklykda, hasaba alynýan ýerlemekden daşarky
girdejilere, esasan-da daşary ýurt puly bilen amallar
boýunça, şeýle hem daşary ýurt pulundaky
gymmatlyklaryň we talaplaryň bahasy gymmatladylanda ýa-da
daşary ýurt pulunda görkezilen borçlar arzanladylanda
oňyn hümmet aratapawudy degişlidir. Şu maddanyň 6-njy
bolüminde, hasaba alynýan ýerlemekden daşarky
çykdajylaryň (ýitgileriň) hataryna daşary
ýurt puly bilen amallar boýunça, şeýle hem
daşary ýurt pulundaky gymmatlyklaryň we talaplaryň bahasy
arzanladylanda ýa-da daşary ýurt pulunda görkezilen
borçlar gymmatladylanda ýaramaz hümmet aratapawudy
girýändigi göz öňünde tutulan.
Öz işlerini «Uglewodorod serişdeleri hakynda»
Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda amala aşyrýan
we şahsy adamlardan alynýan girdeji salgydy boýunça
salgyt ýumuşçysy bolup çykyş edýän
edara görnüşli taraplar
babatynda şular hasaba alynmalydyr.
2007-nji ýylyň Bitaraplyk aýy üçin
daşary ýurt pulunda hasaplanan işgärleriň
zähmet haklary we beýleki girdejileri salgydy hasaplamak maksady
üçin girdejiniň hakyky alynan senesinde hereket
edýän hümmet boýunça manada
geçirilýär. «Salgytlar hakynda» Türkmenistanyň
bitewi Kanunynyň 190-njy maddasyna laýyklykda, girdejiniň
hakyky alnan senesi diýilip, nagt pul serişdeleriniň alnan,
salgyt töleýjiniň bankdaky hasabyna puluň
geçirilen ýa-da onuň tabşyrygy boýunça
üçünji tarapa pul serişdeleriniň geçirilen güni
hasaplanylýar.
Türkmenistanyň Prezidentiniň 2007-nji ýylyň Alp
Arslan aýynyň 24-indäki «Döwlet durmuş ätiýaçlandyryş
ulgamyny kämilleşdirmek hakynda» 8945 belgili karary bilen tassyklanan, Döwlet durmuş ätiýaçlandyrmasyna
geçirilýän serişdeleri hasaplamagyň we tölemegiň tertibi hakyndaky
Düzgünnamanyň 4-nji bolümine laýyklykda, döwlet durmuş
ätiýaçlandyrmasy üçin
geçirilýän serişdeleri hasaplamak boyunca binýat döwlet durmuş ätiýaçlandyrmasy
üçin geçirilýän serişdeler hasaplanylýan döwürde
töleýjiler tarapyndan şahsy adamlaryň peýdasyna geçirilen (hasaplanyp
ýazylan) tölegleriň we beýleki hakyň pul
möçberi hökmünde
kesgitlenilýär. Şol sebäpli, 2007-nji
ýylyň Bitaraplyk aýy üçin daşary
ýurt pulunda hasaplanan işgärleriň zähmet haklary we
beýleki girdejileri döwlet
durmuş ätiýaçlandyrmasyna geçirilýän
serişdeleri hasaplamak maksady üçin,
olaryň hasaplanyp ýazylan döwründe hereket eden
hümmet boýunça (5200 manat) manada
geçirilýär.
3.7 Şäherleriň, şäherçeleriň we oba
ýerleriniň çäklerini abadanlaşdyrmak
üçin belli bir maksada gönükdirilen ýygym
hasaplanylanda şular hasaba alynýar.
«Salgytlar hakynda» Türkmenistanyň bitewi Kanunynyň 208-nji
maddasyna laýyklykda, şäherleriň,
şäherçeleriň we oba ýerleriniň
çäklerini abadanlaşdyrmak üçin belli bir maksada
gönükdirilen ýygymy hasaplamak üçin özen
şu aşakdakylar bolup durýar:
hususy telekeçiler bolup durýan şahsy taraplar
üçin – harytlary (işleri, hyzmatlary) ýerlemekden alnan
jemi girdeji. Harytlary (işleri, hyzmatlary) ýerlemekden alnan jemi
girdeji şu bitewi Kanunyň 149-njy we 150-nji maddalaryna
laýyklykda kesgitlenýär. Şeýlelik-de, ol
kesgitlenilende diňe şu hatda beýan edilen we 2007-nji
ýylyň Bitaraplyk aýynyň 31-ine çenli (31-ini
goşmak bilen) iberilen harytlar, ýerine ýetirilen işler
we tamamlanan hyzmatlar boýunça, haçan-da hasap-fakturalar
2008-nji ýylyň Türkmenbaşy aýynyň 1-ine we
ondan hem soň berlen bolsa hümmeti ulanmaklyga degişli
aýratynlyklar hasaba alynmaly. Şular ýaly
ýagdaýda daşary ýurt pulundaky girdejiler
öň hereket eden hummet boýunça manada
öwrülýär;
oba hojalyk kärhanalary, şeýle hem beýleki edara
görnüşli taraplar üçin – bitewi Kanunyň II
böleginiň 5-nji babyna laýyklykda peýdadan
alynýan salgydy hasaplamak üçin kabul edilen
peýdanyň pul möçberi. Şeýlelik-de, ol
kesgitlenilende diňe şu hatda beýan edilen, edara
görnüşli tarapyň peýdasyndan (girdejisinden)
alynýan salgyda degişli bolan ähli aýratynlyklar hasaba
alynýar.
4. Türkmenistanyň Oba hojalygyny ösdürmegiň
döwlet gaznasyna we Aşgabat şäherini
ösdürmegiň döwlet gaznasyna peýdadan
geçirilýän serişdeler hasaplananda şular
hasaba alynýar.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň
Orunbasarlary tarapyndan 2001-nji ýylyň Magtymguly
aýynyň 13-de tassyklanylan, Türkmenistanyň Oba hojalygyny
ösdürmegiň döwlet gaznasyna peýdadan
geçirilýän serişdeleri hasaplamagyň we
tölemegiň Tertibiniň 3-nji bölüminden gelip
çykyşy ýaly, Türkmenistanyň hereket
edýän kanunçylygyna laýyklykda
kesgitlenilýän kärhanalaryň we guramalaryň balans
peýdasy geçirilýän serişdeleri binýady
bolup durýar.
Türkmenistanyň Prezidentiniň 1999-njy
ýylyň Gurbansoltan aýynyň 6-syndaky 4147 belgili «Aşgabat şäherini ösdürmek
üçin goşmaça maliye serişdeleri hakynda» kararynyň 1-nji
bölüminde, Aşgabat
şäherini ösdürmegiň döwlet gaznasyna serişdeler balans peýdadan
geçirilýär diýip bellenilen.
Şonuň üçin hem, balans
peýdasy kesgitlenende buhgalterlik hasaba alnyşy meselelerine degişli
bolan şu hatda beýan edilen ähli aýratynlyklar hasaba
alynýar.
5. Döwlet salgyt gulluklary tarapyndan
Türkmenistanyň döwlet býujetine salgytlaryň,
ýygymlaryň we beýlei tölegleriň derhal
buhgalteriýa hasaby ýöredilende, salgytlaryň (öz
işlerini «Uglewodorod serişdeleri hakynda» Türkmenistanyň
Kanunyna laýyklykda amala aşyrýan edara
görnüşli taraplaryň peýdasyndan (girdejisinden)
alynýan salgyt, şol sanda töleg çeşmesinden
tutulyp alynýan) daşary ýurt pulunda gelip
gowuşýan möçberleri görkezilende, aşakdakylar
hasaba alynýar.
Salgyt daşary ýurt pulunda tölenende,
salgyt töleýjiniň daşary ýurt pulundaky şahsy
hasap sahypasynda gelip gowşan möçber daşary ýurt
pulunda görkezilýär.
Salgyt töleýjiniň manatda
ýöredilýän şahsy hasap sahypasynda
Türkmenistanyň Ykdysadyýet we maliýe
ministrliginiň maglumat berýän möçberi
görkezilýär. Haçan-da, tölegiň gelip
gowuşmaly möçberi öňki berlen beýannama boýunça
öň hereket eden hümmet (5200 manat) boýunça
hasaplanyp ýazylan ýagdaýynda, Türkmenistanyň
Ykdysadyýet we maliýe ministrliginiň maglumatynda hakykatda
täze hümmet (6250 manat) boýunça hasaplanylan bolsa,
onuň aratapawudy salgyt töleýjiniň şahsy hasap
sahypasynda goşmaça hasaplanyp ýazylýar.
Salgyt töleýjiniň şahsy hasap
sahypasynyň II babynyň 2-nji "Amalyň ady"
sütüninde "Hümmet aratapawudy boýunça
goşmaça hasaplanyp ýazyldy" diýen ýazgy
edilýär, aratapawudyň möçberi bolsa 7-nji
"Goşmaça tölenmäge degişli"
sütüninde görkezilýär.
Haçan-da salgyt töleýji daşary
ýurt pulunda hasaplanan salgydy tölemekligi banka tabşyranda,
serişdeleri Döwlet býujetine manatda geçirmek bilen, we
şular ýaly amal bank tarapyndan täze hümmet
boýunça amala aşyrylanda, hümmet aratapawudy şular
ýaly tertipde goşmaça hasaplanyp ýazylýar.
Salgyt manatda tölenende, salgyt
töleýjiniň şahsy hasap sahypasynda tölegiň
öňki berlen beýannama boýunça öň
hereket eden hümmet (5200 manat) boýunça hasaplanyp
ýazylan möçberi görkezilýär.
Netijede, salgyt töleýji tarapyndan
daşary ýurt pulunda tölenmeli salgydyň hemme
möçberi geçirilende, salgyt töleýjiniň manatda
ýöredilýän şahsy hasap sahypasynda artyk
tölenen möçberler emele gelmeýär.
Ýokarda beýan edilenleri maglumat we işde ulanmak
üçin kabul etmegiňizi we gyzyklanýan salgyt
töleýjilerin dykgatyna ýetirmegiňizi soraýarys.
|
Türkmenistanyň Baş döwlet salgyt gullugynyň
Başlygynyň Orunbasary
P. Prýaniçnikow |
Türkmenistanyň Ykdysadyýet we maliýe
ministriniň Orunbasary
A. Goçyýew |