Türkmenistanyň
Baş döwlet salgyt gullugy
¹ 78/5 10.01.2007
Welaýatlar we Aşgabat şäheri
boýunça döwlet salgyt
gulluklaryna
Türkmenistanyň Baş döwlet salgyt
gullugy, şahsy taraplary we edara görnüşli taraplary hasaba goýmak hakynda şahadatnamany bermeklige
degişli gelip gowuşýan soraglara baglylykda, şu
aşakdakylary habar berýär.
Eger-de ýerlerdäki döwlet salgyt
gulluklaryna Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan 2006-njy ýylyň Baýdak
aýynyň 17-inde 371 san bilen bellige alnan, Türkmenistanyň Baş döwlet salgyt gullugynyň başlygynyň 2006-njy
ýylyň Baýdak aýynyň
15-inde çykaran ¹ 08-Ö buýrugy bilen tassyklanan Salgyt töleýjiler hökmünde şahsy taraplary we edara
görnüşli taraplary hasaba goýmak hakynda usuly görkezmeleri güýje girizilmeginden
öň salgyt hasabyna goýlan taraplaryň
salgyt hasabynda goýlandygy hakynda şahadatnamany almak
üçin ýüz tutan
ýagdaýynda, onda şular ýaly şahadatnama şol
salgyt töleýjilere olaryň berýän arzalarynyň
esasynda ýokarda agzalan Usuly görkezmäniň ¹¹ 5, 6, 7 - nji
goşundylarynyň görnüşlerine (degişlilikde)
laýyklykda berilýär.
Şunlukda görkezilen arzalaryň görnüşlerinde
salgyt töleýji:
a) «HSB» - diýen sütünde özüne berilen hususy
salgyt belgisini goýmaly;
b) şu sözleri çyzmaly:
¹ 5-nji goşundyda - «ozal Türkmenistanyň döwlet salgyt
gullugynyň hiç bir edarasynda maňa hususy salgyt
belgisiniň berilmändigine hem-de salgyt töleýji hökmünde hasaba goýmagyňyzy
soraýaryn»;
¹ 6-njy goşundyda - «ozal Türkmenistanyň döwlet salgyt
gullugynyň hiç bir edarasynda mana hususy salgyt belgiiniň
berilmändigine hem-de salgyt töleýji hökmünde hasaba goýmagyňyzy soraýaryn»;
¹ 7-nji goşundyda - «ozal Türkmenistanyň döwlet salgyt
gullugynyň hiç bir edarasynda şu şerekete hususy salgyt
belgisiniň berilmändigine hem-de salgyt töleýji hökmünde hasaba goýmagyňyzy soraýaryn».
Ýokarda görkezilen ýagdaýlartda
salgyt hasabyna edara görnüşli we şahsy taraplary hasaba goýmak barada şahadatnama berilen halatynda
başga resminamalar talap edilmeýär. Arzalary we salgyt
hasabyna goýlandygy hakynda berilen şahadatnamalary hasaba almak ýokarda ady agzalan Usuly
görkezmäniň 24-nji bendinde goýlan tertibe we
möhlete laýyklykda alnyp barylýär.
Ýokarda agzalanlary maglumat we işde ulanmak
üçin ýerlerdäki döwlet salgyt gulluklaryň dykgatyna ýetiriň.
Başlygyň
Orunbasary
P.Prýaniçnikow