Türkmenistanyň Baş döwlet salgyt gullugy

 

¹ 03/1     03.01.2007

Welaýatlar we Aşgabat şäheri

boýunça döwlet salgyt gulluklaryna

           

Türkmenistanyň Baş döwlet salgyt gullugy gurluşyk işleri ýerine ýetirilende goşulan baha üçin salgydyň binýadyny kesgitlemek üçin «Salgytlar hakynda» Türkmenistanyň bitewi Kanunynyň 97-nji we 98-nji maddalarynyň düzgünlerini ulanmak meselesi hakynda  Türkmenistanyň Ykdysadyýet we maliýe ministrliginiň ylalaşmagy boýunça (2006-njy ýylyň Sanjar aýynyň 29-yndaky 10/5312 belgili haty) iş tejribesinde ýüze çykýan soraglar bilen baglylykda şu aşakdakylary habar berýär.

            Käbir ýagdaýlarda daşary ýurtly potratçy bilen gurluşyk işlerini geçirmek boýunça  baglaşylýan potrat şertnamalaryň öz içinde saklaýan düzgünlerine görä  soňra guruljak enjamlar ilkinji nobatda potratçy guramasy tarapyndan buýryja getirilýär, ondan son bolsa buýrujy tarapyndan potratçy guramasyna gurnamak ýa-da ýygnamak üçin berilýär.

            «Salgytlar hakynda» Türkmenistanyň bitewi Kanunynyň 97-nji maddasynyň 6-njy bölümine laýyklykda ýerine ýetirilýän amala degişlilikde kömek görnüşine eýe bolan harytlary ýerlemek, işleri we hyzmatlary ýerine ýetirmek boýunça amallara, şol amalyň bölegi hökmünde seredilýär. Şeýlelikde ylalaşyk boýunça amalyň haýsysy esasy, haýsysy bolsa kömekçidiginiň kesgitlenilmegi aýgytlaýjy bolup durýar. Şunlukda goşulan baha üçin salgydy salmak maksady üçin, potrat şertnamasynda göz öňünde tutulan enjamlaryň getirilmegi özbaşdak amal ýa-da alyp-satmak geleşigi hökmünde seredilmeli däl, hem-de ol esasy amala – gurluşyk işleriniň ýerine ýetirilmegine gatnaşykda  kömekçi görnüşine eýe bolýar.

            Ýokarda beýan edilenler bilen baglylykda, goşulan baha üçin salgydyň binýady bolup, ýokarda görkezilen ýagdaýlarda gurluşyk işleriniň ýerine ýetirilmegi bolup durýar, salgyt özeni bolsa getirilen enjamlaryň bahasyny öz içine alýan şertnamanyň doly bahasy bolup durýar.

            Harydy getirmek ýa-da alyp-satmak geleşigi barasynda gürrüň edilende eger-de olarda şol harytlaryň gurnamasy, ýygnamasy göz öňünde tutulan bolsa, onda biziň pikirmiz boýunça şonuň ýaly geleşiklere ýokarda görkezilen «Salgytlar hakynda» Türkmenistanyň bitewi Kanunynyň 97-nji maddasynyň 6-njy bölümi ulanymaly, hem-de esasy amal bolup getirmek (alyp-satmak) hasap ediler, gurnamak ýa-da ýygnamak bolsa kömekçi amal bolar. Emma şunuň bilen birlikde «Salgytlar hakynda» Türkmenistanyň bitewi Kanunynyň 98-nji maddasynyň düzgünleri hem hasaba alynmalydyr. Diýmek, salgyt salynýan amal harytlar (enjamlar) tehniki, tilsimat ýa-da beýleki esas boýunça buýryja sökülen ýa-da ýygnalmadyk görnüşinden başga hili ýetirilip bilinmedik ýagdaýynda, gurnamak, otutrtmak ýa-da ýygnamak haryt iberiji ýa-da onuň adyndan ýerine ýetirilýän bolsa, Türkmenistanyň çäginde ýerine ýetirilen diýlip hasap ediler. 

            Salgyt töleýjileriň görkezilen şekili salgydy tölemekden gaçmak üçin ulanan ýagdaýynda, biziň düşünjämiz boýunça salgyt gullugy «Salgytlar hakyndaky» Türkmenistanyň bitewi Kanunynyň 34-nji maddasynyň 5-nji bölüminiň düzgünlerini hem ulanyp biler. Şunuň bilen birlikde  geleşigiň hukuk görnüşiniň (görnüşiniň we mazmunynyň) ýa-da geleşigiň yzygiderliliginiň salgydy tölemekden gaça durmaga getirýänligi barada ýuridiki esaslaryň, subutnamalaryň bardygy boýunça meseläniň üstünde işlemeli diýip hasap edýändigini habar berýäris.

Ýokarda beýan edilenleri Türkmenistanyň ýerli salgyt gulluklarynyň hem-de gyzyklanýan taraplaryň dykgatyna ýetirmeli.

 

 

           

Başlygyň Orunbasary                                      

P. Prýaniçnikow