Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan 2008-nji ýylyň

19-njy sentýabrynda 469 san bilen bellige alyndy

Türkmenistanyň Baş döwlet salgyt gullugynyň başlygynyň 2008-nji ýylyň  8-nji awgustyndaky  № 44-Ö buýrugy bilen

tassyklanyldy

Türkmenistanyň Maliýe ministriniň 2008-nji ýylyň 8-nji awgustyndaky                                          

№ 62 buýrugy bilen

tassyklanyldy

Patentleri bermegiň we patent tölegini
kesgitlemegiň tertibi boýunça
Usuly görkezmeler

I. Umumy düzgünler

1. Patentleri bermegiň we patent tölegini kesgitlemegiň tertibi boýunça şu Usuly görkezmeler (mundan beýläk - Usuly görkezmeler) «Salgytlar hakynda» Türkmenistanyň Bitewi кanunynyň (mundan beýläk - Bitewi kanun) 200-nji maddasyna we Türkmenistanyň hususy telekeçileriň işi bilen bagly meselelere degişli beýleki kadalaşdyryjy hukuk nаmаlaryna laýyklykda işlenilip taýýarlanyldy we hususy telekeçiler babatda salgyt salmagyň ýeňillikli  ulgamy ulanylýan mahaly olar üçin patentleri bermegiň hem-de patent tölegini kesgitlemegiň tertibini belleýär.

Şu Usuly görkezmeler, Bitewi kanunyň 184-nji maddasynyň 1-nji böleginiň «b» bölüminde görkezilen hünär hyzmatlaryny edýän şahsy adamlara, zähmet şertnamasy ýa-da raýat-hukuk häsiýetindäki şertnama boýunça işleýän adamlara, şeýle hem beýleki girdejileri alýan, şol sanda salgyt salmagyň ýeňillikli  ulgamyna degişli bolmadyk telekeçilik işinden girdeji alýan adamlara degişli edilmeýär. Bu adamlar üçin şu Usuly görkezmeleri, haçan-da, olar öz adaty işleri bilen bir hatarda, salgyt salmagyň ýeňillikli ulgamyna degişli edilýän telekeçilik işini hem amala aşyrýan halatlarynda, şol iş amala aşyrylýan döwürde şeýle işden alýan girdejileri babatda ulanylyp bilner.

2.  Salgyt salmagyň ýeňillikli ulgamy Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan bellenýän işleriň sanawy boýunça telekeçilik işiniň aýry-aýry görnüşlerini amala aşyrmakdan girdeji alýan hususy telekeçilere degişlidir.

Ýokarda görkezilenler, resminamalaýyn salgyt barlaglary netijesinde ýa-da beýleki gözegçilik edýän edaralaryň maglumatlary boýunça ýüze çykarylan ýagdaýynda, Bitewi kanunyň 15-nji maddasynyň 2-nji böleginiň düzgünlerine laýyklykda, şahsy adamlaryň bellige almagyň, ygtyýarnamany ýa-da şonuň ýaly beýleki resminamalary almagyň bellenilen tertibini bozan halatlaryna hem degişlidir.

Görkezilen adamlar soňra, şu Usuly görkezmeleri ulanmak maksady bilen, hususy telekeçiler hökmünde atlandyrylýar.

3. Işiň aýry-aýry görnüşleri işiň görnüşleriniň bellenilen sanawyndan aýrylan mahaly, şol işler amala aşyrylanda hususy telekeçilere salgyt salmagyň ýeňillikli  ulgamy degişli edilende telekeçilik işiniň şu görnüşi boýunça salgyt salmagyň ýeňillikli  ulgamy hereket etmegini bes edýär. Işiň şu görnüşine, şunuň ýaly sanawdan aýrylma güýje giren gününden başlap, salgyt salmagyň umumy ulgamy ulanylýar.  

Öň hususy telekeçiler tarapyndan tölenen, işiň şeýle görnüşi sanawdan aýrylandan soňky döwre degişli bolan bellenilen patent töleginiň möçberi, Bitewi kanunyň 49-njy maddasy bilen bellenilen tertipde gaýtadan hasaplanylmaga ýa-da gaýtarylyp berilmäge we şu Usuly görkezmeleriň 17-nji maddasynda görkezilen tertipde hasaplanylmaga degişlidir.

4. Şu Usuly görkezmeleri tarapyndan bellenilen tertip şereketiň düzüminde bilelikdäki işi amala aşyrýan hususy telekeçilere hem degişli edilýär.

5. Salgyt salmagyň ýeňillikli ulgamy girdeji salgydynyň bellenilen ululygyny (bellenilen patent tölegi), şeýle-de telekeçilik işinden alynýan umumy girdejiden (goşmaça patent tölegi) hasaplanylyp çykarylan salgydy,  Bitewi kanunyň 188-nji we 189-njy maddalarynda bellenilen aýyrmalaryň möçberini azaltmazdan göz öňünde tutýar.

6. Patent tölegi hususy telekeçiler tarapyndan Türkmenistanyň milli pulunda bank edaralarynyň üstünden tölenilýär we ýerli býujetiň girdejisine geçirilýär.

7. Patent berlen işiň görnüşi Türkmenistanyň ähli çäklerinde amala aşyrylyp bilner.

Telekeçilik işlerini amala aşyrmak maksatlary bilen patenti başga adama bermek gadagan edilýär.

II. Patenti bermegiň tertibi

8. Patent salgyt töleýjiniň telekeçilik işini amala aşyrmagy maksat edinýän döwrüniň başlanmagyna çenli on günden giç bolmadyk möhletde salgyt babatda hasapda goýlan ýerindäki salgyt gullugyna onuň berýän arzasy esasynda berilýär (uzaldylýar).

Salgyt töleýji, Türkmenistanyň Baş döwlet salgyt gullugynyň başlygynyň 2004-nji ýylyň 30-njy noýabryndaky № 71-Ö buýrugy hem-de Türkmenistanyň Ykdysadyýet we maliýe ministriniň wezipesini ýerine ýetirijiniň 2004-nji ýylyň 30-njy noýabryndaky № 55 buýrugy bilen tassyklanylan, Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan 2004-nji ýylyň 9-njy dekabrynda № 330 bilen bellige alnan, „Salgytlar hakynda” Türkmenistanyň Bitewi kanunyň II bölegi bilen bellenilen salgyt beýannamalaryň we beýleki resminamalaryň  görnüşlerini ulanmak boýunça Usuly görkezmelerine № 29 goşundy bilen bellenilen görnüş boýunça patentiň berilmegi (möhletiniň uzaldylmagy) üçin arza bilen bilelikde, şulary salgyt gullugyna bermelidir:

3 x 4 santimetr möçberdäki fotosuratyny;

şahsyýete güwä geçýän resminamanyň göçürme nusgasyny;

bellenilen patent töleginiň tölenendigi hakyndaky töleg hatynyň göçürme nusgasyny;

ygtyýarnamanyň, rugsatnamanyň göçürme nusgasyny - haçan-da, hususy telekeçi Türkmenistanda hereket edýän kanunçylyga laýyklykda, ygtyýarnamany (rugsatnamany) almagy talap edilýän işi amala aşyrmagy maksat edinýän halatlarynda. Eger patent, öň salgyt gullugyna berlen ygtyýarnamanyň (rugsatnamanyň) hereket edýän möhletine girýän döwre uzaldylýan bolsa, şol resminamalaryň göçürme nusgalaryny bermek talap edilmeýär;

etrabyň (şäheriň) häkimliginde bellige alnandygy hakyndaky bellik bilen kärende (kireýine almak) şertnamasynyň göçürme nusgasy - ýaşaýyş jaýyny kärendä almak (kireýine almak) boýunça işi amala aşyrmak üçin.

Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen halatlarda, görkezilen resminamalara işiň şol görnüşini amala aşyrmak üçin degişli bolan, başga-da zerur resminamalaryň göçürme nusgalary goşulmalydyr.

9. Hususy telekeçiniň salgyt töleýji hökmünde hasapda goýlan ýeri boýunça salgyt gullugy oňa, „Salgytlar hakynda” Türkmenistanyň Bitewi kanunyň II bölegi bilen bellenilen salgyt beýannamalaryň we beýleki resminamalaryň  görnüşlerini ulanmak boýunça Usuly görkezmelerine № 28 goşunda laýyklykdaky görnüş boýunça bellenilen patent töleginiň tölenilendigi  barada şaýatlyk edýän resminamany (patenti) berýär.

Patent rugsat beriji häsiýetdäki resminama däldir.

10. Patent diňe salgyt töleýjiniň özüne ýa-da kanunda bellenilen tertipde resmileşdirilen hem-de şeýle hukuklaryň berilmegini göz öňünde tutýan tabşyryk şertnamasynyň ýa-da ynanç hatynyň esasynda, onuň ygtyýarly edilen wekiline berlip bilner. Şu halatda, şu Usuly görkezmeleriniň 8-nji bölüminde görkezilen arza bilen bilelikde salgyt gullugyna şeýle şertnamanyň ýa-da ynanç hatynyň bir nusgasy hem berilýär.

Ýokarda görkezilen ýagdaýlarda salgyt gullugynyň işgäri şulara göz ýetirmelidir:

ygtyýarly wekiliň özüne berlen we şertnamada ýa-da ynanç hatynda beýan edilen hukuklaryň hem-de ygtyýarlyklaryň çäklerinde hereket edýändigine;

ygtyýarly wekiliň pasportyny ýa-da şahsyýetine güwä geçýän beýleki resminamasyny barlamak arkaly, onuň şertnamada ýa-da ynanç hatynda görkezilen adamdygyna.  

 Patent berlen mahaly, salgyt gullugynyň işgäri, salgyt töleýji (ygtyýarly wekil) tarapyndan görkezilen, şahsyýete güwä geçýän resminamanyň (pasport we başgalar) esasynda, onuň hakykatdan hem salgyt töleýjä ýa-da onuň ygtyýarly wekili bolup durýan adama berilýändigine göz ýetirmelidir.

11. Patent salgyt gullugy edarasynyň işgäri tarapyndan doldurylýar we oňa salgyt gullugynyň ýolbaşçysynyň (onuň orunbasarynyň) goly hem-de tugraly möhüri bilen güwä geçilýär.

Patent hususy telekeçiniň telekeçilik işini amala aşyrmagy maksat edinýän döwrüne çenli berilýär.

12. Şu Usuly görkezmeleriň 13-nji bölüminde görkezilen halatdan başga halatlarda patent hususy telekeçä (onuň ygtyýarly wekiline), onuň salgyt edarasyna arzasyny, şeýle hem şu Usuly görkezmeleriň 8-nji we 10-njy bölümlerinde bellenilen ähli zerur resminamalaryny beren gününden başlap 10 günden giç bolmadyk möhlete berilýär.

13. Bellenilen patent töleginiň doly tölenilendigine salgyt gullugy tarapyndan gözegçiligi amala aşyrmak maksady bilen, patent diňe şol serişdeleriň Türkmenistanyň Döwlet býujetine geçirilendigi hakynda bankyň göçürmesi alnandan soň berilýär. Serişdeleriň Türkmenistanyň Döwlet býujetine geçirilendigi hakynda bankyň göçürmesi, şu Usuly görkezmeleriň 12-nji bölüminde görkezilen möhletden giç gelip gowşan halatynda, patent, şeýle göçürme alnandan soň gelýän iş gününden gijä galynman berilýär.

14. Şu Usuly görkezmeleriň 8-nji bölüminde görkezilen möhleti bozmak bilen patentiň güýjüni uzaltmak (täzesini bermek) üçin salgyt töleýji salgyt gullugynyň edarasyna ýüz tutan halatynda, bar bolan (ýa-da öň berlen) patentde görkezilen döwrüň tamamlanýan möhletinden soňky seneden başlap patentiň güýji uzaldylmalydyr (täzesi berilmelidir). Şunda bellenilen patent töleginiň wagtynda tölenilmezligi, şu Bitewi kanunyň 70-nji maddasyna laýyklykda, puşmana töleginiň ulanylmagyna getirýär.

Hususy telekeçiniň salgyt gullugy edarasyna patentiň möhletiniň uzaldylmagy (täzesiniň berilmegi) üçin wagtynda ýüz tutmadyk ähli halatlarynda, ondan möhletleriň bozulmagynyň sebäpleriniň ýazmaça düşündirişi we şol döwürde telekeçilik işini amala aşyran ýagdaýynda onuň tassyklanmasy, şeýle hem şol iş amala aşyrylyp bilinmejek ýagdaýlaryň (harby gullugyna çagyrylmagy, döwlet gullukçysy hökmünde işlemegi we başgalar) bardygynyň anyklanmasy talap edilmelidir.

15. Hususy telekeçä patentiň asyl nusgasy berilýär, göçürme nusgasy bolsa salgyt gullugynda salgyt töleýjiniň iş papkasyna çatylýar. Patentler berk hasabatlylykdaky blanklardyr we şolar barasynda olaryň saklanylmagy hem-de hasabynyň ýöredilmegi boýunça ähli talaplar ulanylýar.

16. Berlen patentler, öz üstlerine bu borç ýüklenilen, salgyt gullugynyň işgäri tarapyndan, hususy telekeçiniň bellenilen patent töleginiň töländigine şaýatlyk edýän, patentleriň bellige alnyş žurnalynda bellige alynýar.

Žurnal „Salgytlar hakynda” Türkmenistanyň Bitewi kanunyň II bölegi bilen bellenilen salgyt beýannamalaryň we beýleki   resminamalaryň   görnüşlerini ulanmak boýunça Usuly görkezmelere № 30 goşunda laýyklykdaky görnüş boýunça  ýöredilýär.

17. Berlen patentiň möhleti tamamlanandan soň, hususy telekeçä, şu Usuly görkezmeleriň 8-nji bölümine laýyklykda, onuň arzasy boýunça, öň berlen patentiň möhleti uzaldylýar.

18. Hususy telekeçi patenti ýitiren halatynda, salgyt edarasy oňa täze patent berýär, şol patentiň ýokarky sag burçuna «Öwezlik nusgasy» diýlip bellik goýulýar. Patentiň öwezlik nusgasy diňe hususy telekeçi metbugatda ýitirilen patentiň hakyky däldigi hakyndaky habaryň nusgasyny, patentiň öwezlik nusgasyny bermek baradaky arzany, şeýle hem 3 x 4 santimetr  ölçegdäki fotosuraty berenden soň berilýär.

III. Bellenilen patent tölegi

19. Girdeji salgydynyň bellenen ululygy (bellenilen patent tölegi) telekeçilik işiniň her bir görnüşi boýunça Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan bellenilýär.

20. Patent töleginiň bellenilen ululygy telekeçilik işiniň görnüşine we hususy telekeçiniň hemişelik iş ýerine baglylykda toparlara bölünip bilner.

Hemişelik iş ýeri diýlip, hususy telekeçiniň öz işini doly ýa-da bölekleýin alyp barýan, Türkmenistanyň çäklerindäki hemişelik ýere düşünilýär we Bitewi kanunyň 18-nji maddasyna laýyklykda, edara görnüşli tarapyň hemişelik wekilhanasyny kesgitlemek boýunça düzgünnamalara degişlilikde kesgitlenilýär.

Hususy telekeçi ýaşaýan ýerinden başga ýerde işi amala aşyrýan mahaly patent almak üçin arzada işleýän ýerini görkezmäge we telekeçilik işini amala aşyrýan ýerine baglylykda bellenilen patent tölegini tölemäge borçludyr.

21. Bellenilen patent tölegi salgyt töleýjiniň telekeçilik işini amala aşyrmagy maksat edinýän döwri başlanýança tölenilýär. Bu döwür üç aýdan az bolup bilmez.

22. Telekeçilik işleriniň birnäçe görnüşleri amala aşyrylanda bellenilen patent tölegi, işiň şol görnüşleri boýunça bellenilen iň uly möçberdäkisi  tölenilýär.

23. Hususy telekeçi öz arzasynda görkezilen döwür üçin patenti alan (möhletini uzaldan) we şol döwür üçin bellenilen patent tölegleriniň ähli möçberlerini býujete tölän halatlarynda, patent töleginiň bellenilen göwrümi, şeýle hususy telekeçi üçin ol üýtgän mahaly, şol döwür üçin gaýtadan hasaplanylmaýar.

24. Hususy telekeçiniň amala aşyrýan işini wagtlaýyn duruzmagy, şol döwür üçin bellenilen patent tölegini tölemek boýunça borçnamalaryny ýerine ýetirmegi aradan aýyrmaga, bellenilen patent tölegi tölenilen döwürde bolsa, onuň möçberini üýtgetmäge getirmeýär.

25. Bellenilen patent töleginiň hasaplanan möçberi şu ýagdaýlarda üýtgedilip bilner:

salgyt töleýji tarapyndan görkezilen döwürde işiň kesgitlenen patent töleginiň has ýokary derejesi bellenen görnüşi amala aşyrylanda;

salgyt töleýji tarapyndan hususy telekeçi hökmündäki iş bes edilende.

26. Bellenilen patent tölegi salgyt töleýji aradan çykan halatynda onuň hukuk oruntutaryna gaýtarylyp berlip ýa-da salgytlar, şeýle hem maliýe jerimeleri we puşmana tölegleri boýunça bergileri bar bolsa olary üzmegiň hasabyna hasaplaşylyp bilner. Görkezilenler artyk tölenilen goşmaça patent tölegine hem degişlidir.

27. Bellenilen patent töleginiň goşmaça hasaplanylan ýa-da gaýtarylyp berilmäge degişli möçberi, şu Usuly görkezmeleriň 3-nji, 25-nji we 26-njy bölümlerinde görkezilen halatlarda, degişli waka ýüze çykan gününden soň gelýän günden başlap, öň bellenilen patent tölegi tölenilen soňky gün  aralykdaky döwürde senenama günleriniň sanyndan ugur alnyp hasaplanylýar.

28. Bellenilen patent töleginiň möçberi hususy telekeçiniň salgyt gullugy edarasyna berýän arzasy esasynda şu möhletlerde gaýtadan hasaplanýar:

şu Usuly görkezmeleriň 25-nji bölüminde görkezilen telekeçilik işiniň täze görnüşini amala aşyrmagy maksat edinýän döwrüniň başlanmagyndan on günden giç bolmadyk möhletde;

salgyt tölenilen günden başlap bäş ýylyň dowamynda - şu Usuly görkezmeleriň 3-nji we 25-nji bölümlerinde görkezilen halatlarda, hususy telekeçi hökmünde telekeçilik işini bes eden mahaly.  

Hususy telekeçi aradan çykan halatynda, şu Usuly görkezmeleriň 26-njy bölümine laýyklykda, bellenilen patent töleginiň möçberi, hususy telekeçiniň hukuk oruntutarynyň salgyt gullugynyň edarasyna berýän arzasy esasynda, salgyt tölenýän günden başlap bäş ýylyň dowamynda  täzeden hasaplanýar.  

29. Patent alnan iş döwründe hususy telekeçi işiň beýleki görnüşlerini amala aşyrmaga isleg bildiren halatynda, şol iş üçin hem patent almak talap edilýän bolsa, onda hususy telekeçi tarapyndan bu barada salgyt töleýji hökmünde hasapda durýan ýerindäki salgyt edarasyna arza bilen ýüz tutulýar.  

Hususy telekeçi tarapyndan işiň şol görnüşi boýunça bellenilen patent töleginiň has ýokary göwrümi bellenilen görnüşini amala aşyrmak üçin, şu Usuly görkezmeleriň 8-nji bölüminde görkezilen görnüş boýunça we 9-14-nji bölümlerinde bellenilen tertipde berilýär. Şunda, patent töleginiň tölenilen göwrüminiň möçberini hem-de senesini görkezýän setirde, bellenilen işiň görnüşiniň bellenilen patent töleginiň has ýokary möçberiniň we bellenilen patent töleginiň öň tölenilen möçberiniň arasyndaky tapawut, şu Usuly görkezmeleriniň 27-nji bölüminde bellenilen tertipde beýan edilmelidir.

Salgyt edarasy arza seredeninden soň 3 iş gününiň dowamynda çözgüdi kabul edýär, bu barada öň berlen patente degişli ýazgy ýazylýar, mysal üçin, «2008-nji ýylyň 1-nji aprelinden 2008-nji ýylyň 31-nji iýul aralygynda bölek satuw söwdasy». Görkezilen ýazga salgyt edarasynyň ýolbaşçysynyň (onuň orunbasarynyň) goly we möhüri bilen güwä geçilýär.

30. Salgyt töleýji tarapyndan hususy telekeçi hökmünde işiň bes edilmegi hakyndaky arza, Türkmenistanyň Baş döwlet salgyt gullugynyň başlygynyň 2003-nji ýylyň 7-nji noýabryndaky № 61-Ö buýrugy hem-de Türkmenistanyň Ykdysadyýet we maliýe ministriniň wezipesini ýerine ýetirijiniň 2003-nji ýylyň 7-nji noýabryndaky № 59 buýrugy bilen tassyklanylan, Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň 2003-nji ýylyň 4-nji dekabrynda № 299 bilen bellige alnan, Edara görnüşli tarapy döretmezden hususy telekeçileri döwlet tarapyndan bellige almagyň tertibi hakyndaky № 31 Düzgünnama bilen bellenilen tertipde we görnüş boýunça berilýär.

Şu halatda, bellenilen patent töleginiň öň hasaplanylan möçberini azaltmak, ýokarda görkezilen arzada salgyt töleýjini Türkmenistanyň hususy telekeçileriniň döwlet bellige alnyş sanawyndan çykarmak baradaky ýazgynyň esasynda geçirilýär.

31. Şereketiň düzüminde bilelikdäki işi amala aşyrýan hususy telekeçiler bellenilen patent tölegini töleýärler we olara şu Usuly görkezmeleriň 8-14-nji bölümleri bilen bellenilen tertipde patentler berilýär.  

IV. Goşmaça patent tölegi

32. Bitewi kanunyň 200-nji maddasynyň 4-nji bölegine laýyklykda, goşmaça patent tölegi, Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan bellenilýän telekeçilik işiniň aýry-aýry görnüşlerinden alynýan, harytlary ýerlemegi (işleri ýerine ýetirmegi, hyzmatlary etmegi) öz içine alýan umumy girdejiniň jeminden, şeýle hem Bitewi kanunyň 200-nji maddasynyň 5-nji we 6-njy bölümlerinde bellenen daşarky amallardan alnan aýry-aýry girdejileri we çykdajylary (ýitgileri) hem goşmak bilen hasaplanýar.

33. Harytlary (işleri, hyzmatlary) ýerlemekden alynýan girdejini kesgitlemek maksady bilen, Bitewi kanunyň 186-njy maddasynyň we 187-nji maddasynyň 2-nji hem-de 3-nji bölekleriniň düzgünleri ulanylýar.

34. Salgyt salmagyň ýeňillikli ulgamy bellenen telekeçilik işinden alnan girdeji salgydynyň möçberi (goşmaça patent tölegi) umumy girdejiniň 2 göterimi möçberinde bellenilýär.

35. Goşmaça patent tölegini hasaplamak we býujete tölemek hususy telekeçi tarapyndan özbaşdak ýagdaýda amala aşyrylýar hem-de Bitewi kanunyň 200-nji maddasynyň 4-nji bölegine laýyklykda hasaplanýan salgyt özeni bilen 200-nji maddanyň 7-nji bölüminde kesgitlenen salgydyň möçberiniň goşulmagy hökmünde kesgitlenýär. 

36. Hasabat döwri birinji ýarym ýyl we salgyt ýyly hökmünde bellenýär.

Bitewi kanunyň 38-nji maddasynyň 2-nji we 4-nji böleklerinden gelip çykyşy ýaly, 1-nji ýanwardan 30-njy sentýabr aralygyndaky döwürde öz işine başlan hususy telekeçiler üçin işe başlanan ýyldan soň gelýän senenama ýylynyň ahyryna çenli, şeýle işiň başlanan gününden başlap wagt döwri goşmaça patent tölegini hasaplamak üçin birinji salgyt döwrüdir.

 Senenama ýylynyň ahyryna çenli telekeçilik işini bes eden hususy telekeçi üçin iň soňky salgyt döwri şol ýylyň başyndan onuň ýatyrylan gününe çenli wagtdan ybaratdyr.

 Eger hususy telekeçi telekeçilik işini bes eden ýylynyň öň ýanyndaky ýylyň oktýabr aýynyň 1-inden soň işini başlan bolsa, şeýle salgytlar üçin salgyt döwri onuň döredilen gününden ýatyrylan gününe çenli wagtdan ybaratdyr.

         37. Salgyt beýannamasy özlerine salgyt salmagyň ýeňillikli ulgamy degişli edilýän hususy telekeçiler tarapyndan hasabat döwründen soňky gelýän ikinji aýyň 15-inden gijä  galman salgyt töleýji hökmünde salgyt hasabynda goýlan ýerindäki salgyt gullugyna, degişlilikde birinji ýarym ýyl üçin - şol ýylyň awgust aýynyň 15-inden we hasabat ýyly üçin - hasabat ýylyndan soňky gelýän ýylyň fewral aýynyň 15-inden giç bolmadyk möhletde berilýär.

38. Özlerine salgyt salmagyň ýeňillikli ulgamy degişli edilen şahsy adamlaryň - hususy telekeçileriň girdejileri üçin salgyt boýunça beýannamanyň görnüşi, Türkmenistanyň Baş döwlet salgyt gullugynyň başlygynyň 2004-nji ýylyň 30-njy noýabryndaky № 71-Ö buýrugy hem-de Türkmenistanyň Ykdysadyýet we maliýe ministriniň wezipesini ýerine ýetirijiniň 2004-nji ýylyň 30-njy noýabryndaky № 55 buýrugy bilen tassyklanylan, Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň 2004-nji ýylyň 9-njy dekabrynda № 330 bilen bellige alnan, Bitewi kanunyň II bölegi bilen bellenilen salgyt beýannamalaryň we beýleki resminamalaryň  görnüşlerini ulanmak boýunça Usuly görkezmelerine № 27 goşundy bilen bellenilýär.

39. Salgyt beýannamasyny bermedik hususy telekeçi aradan çykan halatynda salgyt edarasy Bitewi kanunyň 39-njy maddasyndan ugur almalydyr, ýagny, salgyt töleýji tarapyndan bellenilen möhletinde salgyt beýannamasynyň berilmedik ýagdaýynda, salgydyň çak edilýän möçberi salgyt gullugy tarapyndan agzalan madda bilen kesgitlenilen usullardan ugur alnyp kesgitlenilýär. Bitewi kanunyň 52-nji maddasyndan gelip çykyşy ýaly, Bitewi kanuna laýyklykda hasaplanylan möçber, aradan çykan hususy telekeçiniň mirasyny kabul eden adam (adamlar) tarapyndan tölenilmeli berginiň möçberidir.

Aradan çykan adamynyň öň ýaşan ýerindäki we onuň emläginiň ýerleşýän ýerindäki salgyt gullugy edarasy, onuň aradan çykandygy baradaky habary alandan soň, 5 gün möhletde aradan çykan adamda salgyt boýunça berginiň bardygy hakynda onuň mirasy hakyndaky işi açan kepillendiriş edarasyna habar bermäge borçludyr. Onuň mirasy hakyndaky işi açan kepillendiriş edarasy görkezilen maglumatlary mirasdara (mirasdarlara) ýetirmelidir hem-de ony (olary) mirasy kabul eden halatynda aradan çykan adamynyň ýerine salgydyň galan, şol adam tarapyndan tölenilmedik möçberini tölemek borjy barada habardar etmelidir.

Şunda mirasdarda (mirasdarlarda) aradan çykan adamynyň tölemedik maliýe jerimelerini we puşmana pullaryny tölemek baradaky borçlary ýüze çykmaýar, sebäbi, maliýe jerimeleri salgyt babatdaky hukuk düzgünlerini bozan adamynyň borçnamasydyr, şu halatda bolsa mirasdar şonuň ýaly adam bolup bilmez.

40. Türkmenistanyň Döwlet býujetine tölenilmäge degişli, salgyt beýannamasynyň esasynda hasaplanylan goşmaça patent tölegi geçen hasabat döwründen soň gelýän ikinji aýyň 25-inden giç bolmadyk möhletde, ýagny, birinji ýarym ýyl üçin - şol ýylyň 25-nji awgustyndan we hasabat ýyly üçin - hasabat ýylyndan soňky gelýän ýylyň 25-nji fewralyndan giç bolmadyk möhletde tölenilýär.  

41. Şereketiň düzüminde bilelikdäki işi amala aşyrýan her bir hususy telekeçi, Bitewi kanunyň 200-nji maddasynyň 4-nji bölegine laýyklykda kesgitlenilýän jemi girdejiniň özüniň şerekete gatnaşmagyndan alýan böleginiň beýannamasyny tabşyrmalydyr.

Girdejiniň paýlanylmagyny tassyklaýan resminama bolup, şerekete gatnaşyjylaryň çözgüdi hyzmat edip biler.

42. Bitewi kanunyň 12-nji maddasynyň 1-nji bölegine laýyklykda, salgyt töleýjiler - şerekete gatnaşyjylar tarapyndan salgyt tölemek boýunça borçlar öz işini Türkmenistanyň çäklerinde amala aşyrýan, şerekete gatnaşyjylaryň biriniň üstüne ýüklenip bilner. Salgyt töleýjiler - şerekete gatnaşyjylar salgyt tölemek boýunça borçlary ýerine ýetirmekde paýlary boýunça jogapkärçilik çekýärler.