Türkmenistanyň Prezidentiniň
2007-nji ýylyň Alp Apslan aýynyň «24»
çykaran 8945-nji karary bilen tassyklanyldy
Döwlet durmuş ätiýaçlandyrmasyna
geçirilýän serişdeleri
hasaplamagyň we tölemegiň tertibi hakynda
DÜZGÜNNAMA
Şu Düzgünnama «Durmuş
üpjünçiligi hakyndaky» Türkmenistanyň
Bitewi kanunyna laýyklykda işlenip taýýarlanyldy we döwlet durmuş ätiýaçlandyrmasyna
geçirilýän serişdeleri hasaplamagyň hem-de tölemegiň tertibini
belleýär.
1. Şu Düzgünnamanyň 3-nji
bölümine laýyklykda döwlet durmuş
ätiýaçlandyrmasyna geçirilýän
serişdeleriň binýady bolan, şahsy adamlara tölegleri töleýän şu
taraplar döwlet durmuş ätiýaçlandyrmasyna
serişdeleri töleýjiler bolup durýar:
edara görnüşindäki taraplar - Türkmenistanyň
dahyllylary;
edara görnüşindäki taraplar - öz
işini Türkmenistanda şahamçalaryň,
wekilçilikleriň üsti bilen amala aşyrýan Türkmenistanyň dahylsyzlary. «Edara
görnüşindäki tarap - Türkmenistanyň
dahyllysy» we «edara görnüşindäki tarap - Türkmenistanyň dahylsyzy» düşünjeleri «Salgytlar hakyndaky» Türkmenistanyň Bitewi kanunynda
ýa-da Türkmenistanyň halkara şertnamalarynda
berlen manysynda ulanylýar;
hususy telekeçiler.
Şahsy adamyň telekeçilik işini
hasaba almagyň, ygtyýarnama ýa-da
şuňa meňzeş resmi namany almagyň bellenilen tertibini
bozup amala aşyrmagy bu şahsy adamyň
hususy telekeçiniň döwlet durmuş ätiýaçlandyrmasyna
serişdeleri tölemegi maksady bilen ykrar edilmezligi üçin esas bolup bilmez.
Döwlet durmuş
ätiýaçlandyrmasyna serişdeleri tölemekden:
maýyplaryň jemgyýetçilik
guramalary, olaryň kärhanalary we okuw mekdepleri;
Türkmenistanyň diplomatik
wekilçilikleri, konsullyk edaralary we Türkmenistanyň halkara guramalarynyň ýanyndaky
wekilçilikleri;
daşary ýurtlaryň Türkmenistandaky
diplomatik we şoňa deňleşdirilen
wekilçilikleri, halkara guramalarynyň wekilçilikleri boşadylýar.
2. Şu
Düzgünnamanyň 1-nji bölüminde görkezilen taraplar
özleri bilen mazmuny işleri
ýerine ýetirmek, hyzmatlary etmek bolan hakynatutma hakynda şertnamalary ýa-da
beýleki raýat-hukuk hasiýetli
şertnamalary, şeýle hem harby gulluk, içeri işler
we milli howpsuzlyk edaralarynda
gulluk etmek (çagyryş boýunça gullugy geçýän harby gullukçylar
muňa girmeýär) hakynda şertnamalaryny baglaşan Türkmenistanyň
raýatlaryna tölegler babatda döwlet durmuş
ätiýaçlandyrmasyna serişdeleri töleýjiler
hasap edilýär.
3. Şahsy
adamlaryň peýdasyna:
zähmet şertnamalary;
meselesi işleri ýerine ýetirmek,
hyzmatlary etmek bolan raýat-hukuk
şertnamalary (hususy telekeçilere tölenilýän hak
muňa girmeýär);
awtorlyk şertnamalary;
harby gulluk, içeri işler edaralarynda,
şeýle hem milli howpsuzlyk edaralarynda gulluk
şertnamalary boýunça tölegler hem-de beýleki hak (pul we önüm
görnüşde) döwlet durmuş ätiýaçlandyrmasyna serişdeleri
geçirmegiň binýatlary bolup durýar.
Şular döwlet durmuş
ätiýaçlandyrmasyna serişdeleri geçirmegiň
binýatlary bolup durmaýar.
a)
meselesi
eýeçilik hukugynyň ýa-da emläk üçin
beýleki hukuklaryň geçmegi bolup
durýan raýat-hukuk şertnamalarynyň, şeýle hem emlägi (emläk hukuklaryny) peýdalanmaga bermek bilen baglanyşykly
şertnamalaryň çäklerinde amala aşyrylýan
tölegler;
b)
Türkmenistanyň
kanunçylygynda bellenilen döwlet hemaýat pullary;
ç) Türkmenistanyň kanunçylygynda
bellenilen (bellenilen ölçegleriň
çäklerinde):
saglyga şikes ýetmeginden ýa-da
beýleki zyýan ýetmeginden zeleliň öwezini dolmak;
ýaşaýyş jaýlarynyň we
kommunal hyzmatlaryň, iýmitiň we azyk önümleriniň,
ýangyjyň ýa-da degişli pul öwezini dolmasynyň
mugt berilmegi;
önüm görnüşindäki
üpjünçiligiň bahasyny tölemek we (ýa-da) ony bermek;
okuw-türgenleşik işi we sport
ýaryşlaryna gatnaşmak üçin sportçularyň
hem-de bedenterbiýe-sport guramalarynyň işgärleriniň
alýan iýmitiniň, sport
esbaplarynyň, enjamlarynyň, sport hem-de dabaraly ýöriş üçin
eginbaşlarynyň bahasyny tölemek;
işgärleriň işden boşamagy
(çykyş hemaýat puly) bilen baglanyşykly.
Şunda peýdalanylmadyk rugsat we işe
ýerleşilýän döwür
üçin saklap galynýan ortaça iş haky
üçin öwezini dolma döwlet durmuş
ätiýaçlandyrmasyna serişdeleri geçirmegiň
binýady bolup durýar;
şahsy adamyň zähmet borçlaryny ýerine
ýetirmegi (şol sanda başga ýere işe geçmegi,
iş sapary çykdajylary, iş saparlary boýunça gije-gündizlik sowalgalar, meýdan şertlerinde
işlenendigi üçin hak, eger hemişelik iş ýolda
geçýän ýa-da göçme we wahta häsiyetli
bolsa gije-gündizleýin sowalgalaryň
ýerine tölegler);
beýleki çykdajylaryň,
şol sanda işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak üçin çykdajylaryň
öwezini dolmak bilen baglanyşykly
öwezini doluş tölegleri;
d)
döwlet sylaglary
we hormatly atlar
üçin bir wagtlaýyn baýraklar we iş hakyna goşmaçalar;
e)
tebigy betbagtçylyk
ýa-da beýleki adatdan daşary ýagdaý bilen baglanyşykly ýetirilen maddy zyýanyň
ýa-da saglyga ýetirilen zeleliň
öwezini dolmak üçin;
aradan çykan işgäriň maşgala
agzalaryna ýa-da işgäriň maşgala agzasynyň
(agzalarynyň) aradan çykmagy bilen baglanyşykly;
hökümet çözgütlerine laýyklykda
baýramçylyk günleri üçin iş berijiniň
berýän bir wagtlaýyn maddy kömeginiň
möçberleri;
ä) Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde
iş beriji tarapyndan işgärleriň hökmany
ätiýaçlandyrmasy boýunça tölenýän
ätiýaçlandyrma
tölegleri (gatançlary);
f)
iş beriji tarapyndan
Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde amala aşyrylýan işgärleri
hökman ätiýaçlandyryş boýunça ätiýaçlandyryş tölegleri
(gatançlary);
g)
ätiýaçlandyrma
möçberleriniň we ätiýaçlandyrma
öwezini dolma tölegleri;
h) işgärlere tölegsiz ýa-da
kem-käs tölemek bilen berilýän we şahsy hemişelik peýdalanmagynda galýan bir
ülňüli lybaslaryň we eginbaşlaryň
bahasy;
i) Türkmenistanyň kanunçylygy arkaly
işgärleriň aýry-aýry toparlaryna gatnaw boýunça berilýän
ýeňillikleriň bahasy;
j) zähmet üçin tölegler zähmet
şertnamalarynda we (ýa-da) toparlaýyn şertnamalarda
(ylalaşyklarda) şeýle tölegler göz öňünde
tutulmadyk şertlerde töleg bolup
durmaýan höweslendiriş häsiýetli bir wagtlaýyn tölegler (şol sanda
önüm görnüşindäki tölegler).
4. Döwlet durmuş
ätiýaçlandyrmasy üçin geçirilýän
serişdeleri hasaplamak boýunça binýat şu
Düzgünnamanyň 3-nji bölüminde göz öňünde tutulan, şu Düzgünnamanyň 6-njy
bölümine laýyklykda döwlet
durmuş ätiýaçlandyrmasy üçin
geçirilýän serişdeler hasaplanylýan
döwürde töleýjiler tarapyndan şahsy adamlaryň peýdasyna geçirilen tölegleriň we beýleki
hakyň pul möçberi hökmünde
kesgitlenilýär.
Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň
harby gullukçylary, içeri işler
edaralarynyň, şeýle hem milli howpsuzlyk edaralarynyň
başlyklar we esgerler
düzüminden bolan adamlar babatda döwlet durmuş ätiýaçlandyrmasy
üçin geçirilýän serişdeleri
hasaplamagyň binýady pul
üpjünçiligi we pul tölegleri görnüşinde
hasaplanylan möçberlerden ugur
alnyp kesgitlenilýär.
Oba hojalyk önümlerini
öndürýän edara görnüşindäki
taraplarda döwlet durmuş
ätiýaçlandyrmasy üçin
geçirilýän serişdeleri hasaplamagyň
binýadyna içerki hojalyk kärende potratçylygynyň
şertlerinde oba hojalyk
önümlerini öndürýän
kärendeçileriň girdejileri goşulmaýar.
Meselesi işleri ýerine ýetirmek,
hyzmatlary etmek bolup durýan raýat-hukuk
şertnamalary boýunça girdejilerden «Salgytlar hakyndaky» Türkmenistanyň Bitewi kanunynyň 189-njy maddasynda göz öňünde tutulan çykdajylar tutulyp alynmaga
degişlidir.
5. Döwlet durmuş
ätiýaçlandyrmasy üçin
geçirilýän serişdeleri hasaplamak boýunça
binýat hasaplanan mahaly tölegler we harytlar (işler,
hyzmatlar) görnüşindäki önüm
görnüşli beýleki hak olaryň bazar bahalaryndan (nyrhlaryndan) ugur alnyp, şu harytlar (işler,
hyzmatlar) üçin bahalar (nyrhlar) döwlet
tarapyndan düzgünleşdirilen mahaly bolsa - döwlet tarapyndan
düzgünleşdirilýän nyrhlardan ugur alnyp, olaryň tölenen gününde şol harytlaryň
(işleriň, hyzmatlaryň) bahasy
hökmünde hasaba alynýar. Şunda harytlaryň
(işleriň, hyzmatlaryň) bahasyna goşulan baha
üçin salgydyň degişli möçberi, goşmaça töleglere degişli harytlar üçin
bolsa goşmaça tölegleriň degişli möçberi hem goşulýar.
6. Döwlet durmuş
ätiýaçlandyrmasy üçin
geçirilýän serişdeler hasaplanylýan döwür, şeýle hem şu
Düzgünnamanyň 1-nji bölüminde görkezilen taraplar üçin hasabat döwri kalendar
aýyna deň bellenilýär, hususy telekeçiler
muňa girmeýär.
Hususy telekeçiler üçin döwlet
durmuş ätiýaçlandyrmasy üçin geçirilýän serişdeler hasaplanylýan
döwür kalendar ýylyna deň bellenilýär. Şeýle taraplar üçin
hasabat döwürleri Türkmenbaşy aýynyň
1-inden Oguz aýynyň 30-y we Gorkut aýynyň 1-inden Bitaraplyk aýynyň 31-i aralygynda bellenilýär.
7. Döwlet
durmuş ätiýaçlandyrmasy üçin
serişdeler şu möçberler boýunça
geçirilýär:
20 göterim - şu Düzgünnamanyň
1-nji bölüminde görkezilen taraplar üçin, Oba hojalygyna
önümçilik-enjamlaýyn hyzmat baradaky paýdarlar jemgyýetleriniň «Türkmenobahyzmat»
assosiasiýasy, «Türkmenhaly» döwlet
paýdarlar korporasiýasy we olaryň tabynlygyndaky kärhanalar hem-de guramalar, aklawçylar
kollegiýasy muňa girmeýär;
10 göterim - Oba hojalygyna
önümçilik-enjamlaýyn hyzmat baradaky paýdarlar jemgyýetleriniň
«Türkmenobahyzmat» assosiasiýasy,
«Türkmenhaly» döwlet paýdarlar korporasiýasy we olaryň tabynlygyndaky kärhanalar hem-de
guramalar üçün;
7 göterim - aklawçylar kollegiýasy üçin.
8. Töleýjiler
döwlet durmuş ätiýaçlandyrmasy üçin
geçirilýän serişdeleriň
möçberlerini özbaşdak hasaplaýar.
Döwlet durmuş
ätiýaçlandyrmasy üçin
geçirilýän serişdeleriň möçberi
degişli aý üçin şu Düzgünnamanyň
4-nji bölümine laýyklykda
kesgitlenilýän binýadyň şu
Düzgünnamanyň 7-nji bölüminde
bellenilen möçbere köpeldilen jemi hökmünde hasaplanylýar.
9. Töleýjiler
döwlet durmuş ätiýaçlandyrmasy üçin
geçirilýän serişdeler boýunça
beýannamalary salgyt taýdan hasaba alnan ýeri boýunça salgyt gullugyna şu
möhletlerde berýär:
hasabat döwründen soň gelýän
aýyň 20-nji gününden gijä galman
- şu Düzgünnamanyň 1-nji bölüminde
görkezilen taraplar üçin, hususy
telekeçiler muňa girmeýär;
hasabat döwründen soň gelýän ikinji
aýyň 15-nji gününden gijä galman - hususy
telekeçiler üçin.
Türkmenistanyň Baş döwlet salgyt
gullugy döwlet durmuş ätiýaçlandyrmasy
üçin geçirilýän serişdeler boýunça
beýannamanyň görnüşini
Türkmenistanyň Ykdysadyýet we maliýe ministrligi hem-de
Türkmenistanyň Durmuş taýdan
üpjünçilik ministrligi bilen ylalaşyp belleýär.
10. Töleýjiler döwlet
durmuş ätiýaçlandyrmasy üçin
geçirilýän serişdeleriň
möçberlerini girdejini (tölegleri we beýleki haklary) tölemek üçin nagt pul
serişdeleriniň bankdan hakykatda alnan gününden, şeýle hem bankda şeýle
taraplaryň hasaplaryndan girdejiniň
şahsy adamlaryň hasabyna ýa-da olaryň tabşyrmagy boýunça üçünji
taraplaryň hasabyna geçirilen günden gijä galman döwlet durmuş
ätiýaçlandyrmasy üçin
geçirilýän serişdeleriň möçberlerini
tölemäge borçludyr.
Başga halatlarda töleýjiler döwlet
durmuş ätiýaçlandyrmasy üçin tölenilýän serişdeleriň möçberlerini
şahsy adamyň girdejileri, tölegleri we beýleki haklary hakykatda alan gününden soň
gelýän günden gijä galman
töleýär.
Döwlet durmuş
ätiýaçlandyrmasy üçin
geçirilýän serişdeleriň şu Düzgünnamanyň 9-njy bölümine laýyklykda
hasaplanylan möçberi beýannamany bermek
üçin bellenilen günden başlap, bäş gün möhletde tölenilmäge degişlidir.
Töleýjiler şahsy adamlaryň arzalary
boýunça olaryň alan girdejileri hem-de döwlet
durmuş ätiýaçlandyrmasy üçin geçirýän
serişdeleriniň hasaplanylan
möçberleri hakynda Türkmenistanyň Baş döwlet salgyt gullugynyň tassyklan
görnüşi boýunça delilhatlary berýär.
11.
Döwlet durmuş
ätiýaçlandyrmasy üçin
geçirilýän serişdeleriň edara görnüşindäki tarapyň aýrybaşgalanan
birliginiň ýerleşýän ýerinde
tölemäge degişli möçberi şu
aýrybaşgalanan birlikleriň işgärlerine
hasaplanylýan girdejiniň, tölegleriň we haklaryň möçberlerinden ugur alnyp
kesgitlenilýär.
12.
Döwlet durmuş
ätiýaçlandyrmasy üçin
geçirilýän serişdeleriň möçberi Türkmenistanyň pulunda
tölenilýär we Türkmenistanyň Döwlet býujetine geçirilýär.
13.
Döwlet durmuş
ätiýaçlandyrmasy üçin
geçirilýän serişdeleriň hasaplanmagynyň dogrulygyna, dolulygyna we wagtynda tölenilmegine
Türkmenistanyň salgyt gullugynyň edaralary
gözegçilik edýär.
14.
Döwlet durmuş
ätiýaçlandyrmasy üçin
geçirilýän serişdeleri töleýjiler hökmünde hasaba almak,
geçirilýän serişdeleriň binýatlarynyň hasabyny
ýöretmek borçlaryny ýerine ýetirmek,
döwlet durmuş ätiýaçlandyrmasy
üçin geçirilýän serişdeleri tölemek,
döwlet durmuş
ätiýaçlandyrmasy üçin
geçirilýän serişdeleri tölemek boýunça
borçlary ýerine
ýetirmegi üpjün etmegiň çareleri,
tölemegiň möhletini üýtgetmegiň,
döwlet durmuş ätiýaçlandyrmasy üçin
artyk tölenen serişdeleri
hasapdan öçürmegiň we gaýtarmagyň, şolar
boýunça maliýe
jerimeleriniň we puşmana pullarynyň, salgyt gullugynyň edaralarynyň çözgütlerine,
olaryň wezipeli adamlarynyň hem-de gullukçylarynyň hereketlerine şikaýat
etmegiň, maliýe jerimelerini ulanmagyň tertibi, şeýle hem şu hukuk
gatnaşyklarynda ýüze çykýan hukuklar we borçlar «Salgytlar
hakyndaky» Türkmenistanyň Bitewi kanunynyň birinji böleginde salgytlar
üçin bellenilen tertipde amala aşyrylýar.
Şunda döwlet durmuş
ätiýaçlandyrmasy üçin hasaplanylan geçirilýän serişdeleriň
möçberleriniň azaldylandygy üçin maliýe jerimeleri we olaryň wagtynda tölenilmändigi
üçin puşmana pullary býujetden
maliýeleşdirilýän çykdajy sanawlarynda göz
öňünde tutulan şeýle
serişde geçirmeler babatda býujetdäki guramalar
üçin ulanylmaýar.